Baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän il-ýurt, umumadamzat bähbitli işler parahatçylyga, ynanyşmaga we deňhukukly gatnaşyklara daýanýar. Amala aşyrylýan islendik işiň gözbaşynda parahatçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik bar. Halkymyzyň agzybirligine, jemgyýetiň parahatçylygyna we ylalaşyga, ynanyşmaga binýat bolýan başlangyçlar biziň her birimizi yhlasly, päk ýürek bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Munuň özi halkymyza geljege ynamly garamaga, demokratik özgertmeleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge, halkara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär.
Milli Liderimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň, geçirýän her bir maslahatlarynyň ozaly bilen halkymyzyň jebisligini berkitmek, il abadanlygy, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyna, umumadamzat ähmiýetli asylly başlangyçlaryň gözbaşynda durandygyna biz her ädimde şaýat bolýarys. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň islendik hoşniýetli döwlet we onuň halky bilen mähirli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de ösdürmegi hemişe ileri tutýandygyny ýygy-ýygydan belleýär.