Sagdynlygyň mekanydyr eziz ata Watanym

19 Noýabr 2021
1055

«Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, yzygiderli sport bilen meşgullanmakda her bir raýata nusgalyk görelde görkezmegi döwrümiziň ajaýyp hakykaty bolup dabaralanýar. 13-nji noýabrda hem biz bu ajaýyp hakykatyň ýene bir ýola şaýady bolduk. Mähriban Arkadagymyz şol gün egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekdäki asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilenem ýaşlara şahsy görelde görkezýän Arkadag Prezidentimiz sport toplumynda egindeşleri bilen kiçi futbol boýunça ýaryş gurady.

«Türkmen sporty».