Ýaşlar – Watanyň buýsanjy

19 Noýabr 2021
1046

Ýaş nesliň Watanymyzyň güýji we kuwwaty, mertebesi hem-de abraýy, beýik geljegi bolup durýandygyny aýdýan hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň amala aşyrýan işlerine, gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, olaryň ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýär. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabatlanyp dürli ugurlarda tapawutlanan hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezen ýaşlaryň «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglanmagy Diýarymyzda ýaşlar hakyndaky köptaraply aladanyň hem-de olaryň zehinine, ukyp-başarnygyna, zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Hormatly ada mynasyp bolan ildeşlerimiziň arasynda sport üstünlikleri bilen Watanymyzy şöhratlandyran türgenleridir hünärmenleriň hem bolmagy guwandyryjydyr. Bizem yhlasly zähmeti we tutanýerliligi bilen üstünlik gazanyp, abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Polina GURÝEWA,

Ýazga geçiren Allanur ÇARYÝEW,
«Türkmen sporty».