Bäherden etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň guramagynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa sport mekdebiniň türgenleri we tälimçileri, lukmanlary gatnaşdy.
Duşuşykda etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy hökmünde maňa hem söz nobaty berildi. Sport mekdebiniň lukmany Ýaýlymnazar Hudaýlyýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Döwlet Babanazarow çykyş edip, halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, sport mekdebinde häzirki günlerde sagdyn durmuş ýörelgesini, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada möhüm işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda her bir türgeniň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny hemişe berjaý etmelidigi we arassaçylyk babatda hemişe görelde bolmalydygy nygtalyp geçildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy baradaky edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.