Nobatdaky okuw-maslahat

19 Noýabr 2021
1135

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän «Türkmen ýaşlary – golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahatyň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Onda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň baýry mugallymlarynyň alyp barmagynda ýaş nesilleri döwrebap, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, zähmetsöýer, Watana, il-güne wepalylyk ruhunda terbiýelemekde meýletinçilik hereketiniň ähmiýeti barada söhbet edildi. Okuw-maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça sowal-jogap alşyldy. Şeýle hem ýaşlaryň we ösüp gelýän nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sport bilen meşgullanmagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna sagbolsun aýdyldy.

Muhammet AGAJANOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň hünärmeni.