Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda talyp ýaşlaryň ýokary derejede bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň bilim alýan ýokary okuw mekdebimiziň – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly ýaryşlarda medallary gazanmaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýakynda hem institutymyzyň birnäçe talyby we uçurymy ýurdumyzyň ýaşlar baýragynyň eýesi boldy, ýene-de birnäçesi bolsa halkara ýaryşlarynyň medallaryny gazandy. Şeýle üstünlikler ähli talyp ýaşlary begendirýär, guwandyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýaş türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinden türgenleşik geçmekleri we ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Asuda, abadan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň biz – ýaşlar barada edýän aladalary bilen gurşalyp, döwrebap binalarda bilim almaga, ähli amatlyklary bolan sport desgalarynda türgenleşmäge döredilýän şertler täze üstünliklere ruhlandyrýar.