Ýeňişleri ýaran edinen doganlar

30 Iýul 2021
846

MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça ilkinji professional türgenlerimiziň biri Şöhrat Orazgeldiýew bilen her duşuşygymyzdan soň, elimiň galama uzamagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Çünki onuň ýeňişli ýoluny bezeýän üstünlikleriň yzygiderli artmagy munuň üçin degerli esas. Ine, bu gezek hem şeýle boldy. Onuň gürrüň berýän täzeliklerini ýandepderçäme belläp oturşyma bu gezekki ýazgymda onuň agasy we tälimçisi Orazgeldiniň hem sport ýoluna ünsi çekmegi ýüregime düwdüm. Galyberse-de, doganlaryň meşgullanýan sport görnüşiniň has çynlakaý we içgin taýýarlygy talap edýändigini, onuň başa-baş göreşleriň ählisiniň aýratynlyklaryny özünde jemleýändigini göz öňünde tutsaň, munuň okyjylar üçin täsirli boljakdygyna-da ynamyň artýar. Aslynda, Orazgeldiýewleriň maşgala agzalarynyň birnäçesi MMA başa-baş söweşleriň garyşyk görnüşi boýunça milli mekdebimiziň üstünliklerine özleriniň ajaýyp netijeleri bilen şärik boldular. Bu maşgalada ussatlary ýetişdirmegiň hötdesinden gelen tälimçiniň-de, dünýäniň we yklymyň çempionynyň-da, eýýäm halkara ýaryşlarynyň medallaryndan çemen baglamagy başaran ýetginjegiň hem bolmagy olaryň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmagy nebere ýörelgesine öwrendiginden nyşandyr.

Şöhrat Orazgeldiýewiň iri halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri:

Amanmyrat MYRADOW.
«Türkmen sporty».