Mil­li spor­tu­my­zyň ta­ry­hy üs­tün­li­gi

30 Iýul 2021
856

Bi­lim ber­ýän ta­ly­by­my­zyň — Po­li­na Gur­ýe­wa­nyň olim­pi­ýa üs­tün­li­gi­ne eýe bol­ma­gy Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li spor­tu­my­zy ta­ry­hy üs­tün­lik­le­re, tä­ze be­lent­lik­le­re ýe­tir­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň mi­we­si bo­lup, her bi­ri­mi­ziň ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­di. Çün­ki Wa­ta­ny­myz­da sport bi­len hü­när de­re­je­sin­de meş­gul­lan­mak üçi­nem, kä­mil­leş­mek üçin hem ze­rur bo­lan şert-müm­kin­çi­lik­le­riň äh­li­si dö­re­di­len. Ine, şu­nuň esa­syn­da hem, biz tä­lim­çi­le­riň, sport ug­run­dan bi­lim ber­ýän mu­gal­lym­la­ryň aza­by, yh­la­sy has-da ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýar.

El­bet­de, ze­hin­li gy­zyň yh­la­sy, hy­ju­wy, mak­sa­daok­gun­ly­ly­gy onuň uly üs­tün­lik­le­ri na­zar­la­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär­di. Onuň özü­ne bo­lan yna­my he­re­ket­le­rin­de aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar­dy. Ýo­ka­ry okuw mekde­bi­miz­de özü­ni he­mi­şe gö­rel­de­li ta­rap­dan gör­ke­zen Po­li­na­nyň bu üs­tün­li­gi mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­na uly sow­gat bol­dy. Şol se­bäp­den hem, biz mil­li spor­tu­my­zyň ta­ry­hy­ny olim­pi­ýa üs­tün­li­gi bi­len be­zän ta­ly­by­my­za ge­le­jek­de hem iň uly üs­tün­lik­le­riň ýa­ran bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris. To­kio Olim­pia­da­sy­na gat­naş­ýan beý­le­ki tür­gen­le­ri­mi­ze hem ýe­ňiş­ler ýar bol­sun! Türk­men spor­tu­ny şeý­le uly üs­tün­lik­le­re ýe­ti­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, be­lent ba­şy aman, döw­le­ti he­mi­şe aba­dan bol­sun!

Şöh­rat MÄM­ME­DOW,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň de­ka­ny.