Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen bedew batly, ynamly öňe barýar, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwaty hem-de halkara sport abraýy barha pugtalanýar. Siziň: «Häzir Watanymyzda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Geçirilýän bu işler oňat netijelerini hem berýär» diýen çuňňur mazmunly sözleriňiz, ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup kemala gelmekleri barada edýän bimöçber atalyk aladalaryňyz, hormatly Arkadagymyz, Size bolan buýsanjymyzy arşa göterýär.