Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly ösüşleri bilen täze belentlikleri nazarlaýan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeginde jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gatnaşmagynda guralýan wagyz-nesihat duşuşyklarynda ýaşlaryň saglygyny goramak, agyz-burun boşluklaryndan geçýän dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen ýörite niýetlenen agyz-burun örtüginiň zerurdygy we hökmany ýagdaýda ýolda, işde, öýde we köpçülik ýerlerinde dakynmalydygy barada düşündirilýär. Bellenen araçägiň saklanylmagyna pugta eýermäge çagyrylýar.