Üstünlik ýaranyňyz bolsun, olimpiýaçylarymyz!

16 Iýul 2021
884

Ýene-de sanlyja günden Ýaponiýanyň Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary badalga alar. Dünýäniň iň iri sport baýramy türkmen türgenleri üçin hem möhüm synag bolar. Elbetde, Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak her bir türgeniň iň arzyly maksady. Çünki türgenler bu oýunlara gatnaşmaga ygtyýar berýän ýollanma üçin iň möhüm hem iri, diýseň ýokary ussatlygy talap edýän synaglardan geçýärler. Dünýä we yklym çempionatlarynda, beýleki iri ýaryşlarda çykyş edip, utuklary toplaýarlar.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer däplerine berk eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Iri sport baýramçylygynda çykyş etjek olimpiýaçylarymyza ak pata berliş dabarasynyň guralmagy bolsa professional sportuň uly ösüşlere eýe bolýan, Olimpiýa hereketiniň galkynýan, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilýän ýurdunda sport dünýäsiniň iň belent sepgitlerine ynamly gadam urulýandygyny äşgär etdi. Arkadag Prezidentimiziň ynamy türkmen olimpiýaçylaryny milli sportumyzyň taryhyny olimpiýa üstünlikleri bilen bezemäge, türkmen sportunyň abraýyny arşa götermäge ruhlandyrdy.

«Türkmen sporty».