«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym – sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi durmuşa söýgüdir!» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen eşretli eýýamymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülip, bu babatda sanlyja ýyllaryň içinde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirildi. Türkmen türgenleriniň gazanýan ajaýyp üstünlikleri bolsa olar üçin döredilip berilýän diýseň oňat şert-mümkinçilikleriň tüýs ýerine düşýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Sport älemindäki iň uly ýaryşlarda – Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmeklige hukuk gazanmagy hem şeýle uly üstünlikleriň hataryna buýsanç bilen goşmak bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolmagy-da Watanymyzyň Olimpiýa hereketine işjeň goşulyşýandygyndan habar berýär. Bagtyýarlyk döwrümizde ezber türgenlerimiziň we olaryň halypalarynyň döwlet derejesinde uly üns-alada bilen gurşalyp alynýandygyna, olara hormat-sarpa goýulýandygyna bolsa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça guralan Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.