Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň dabaralaryna beslenen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly eziz Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan üstünlikler bilen ýatda galdy. Şol ýylda hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda köp sanly durmuş-ykdysady maksatly binalardyr desgalar gurlup, ulanylmaga berildi, ençeme halkara maslahatlardyr forumlar guraldy, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça oňyn özgertmeler durmuşa geçirildi. Ähli ugurlardaky üstünlikler bilen bir hatarda, sport ulgamynda hem taryhy netijeler gazanyldy. Şolaryň hatarynda Tokioda geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýokary okuw mekdebimiziň talyby Polina Gurýewanyň türkmen sportunyň taryhyndaky ilkinji olimpiýa medalyny gazanyp, ýurdumyza uly abraý getirmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, türkmen türgenleri birnäçe halkara ýaryşlarynda ýokary netijeler bilen begendirdiler.