"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sport we ýaşlar syýasaty

Ýakynda Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Balkan welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebinde basketbol boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Balkan welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýatyň etrap-şäherleriniň basketbol toparlary gatnaşdylar. Ýaryşyň netijesi boýunça Balkanabat şäheriniň basketbol topary 1-nji orny eýeledi. Türkmenbaşy şäheriniň topary 2-nji, Hazar şäheriniň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän toparlara Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Ýakup AMANOW,

Şan-şöhrata beslenjek ýyl bolsun!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her bir ýylyň döwrüň ruhuna laýyk atlandyrylmagy halkymyzyň uly goldawyna eýe bolup, ol bagtyýarlyga beslenýän döwrümize we Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagyny hem agzybir halkymyz tüýs ýürekden goldady. Şu ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň her bir raýaty hakynda aýratyn alada edýän Gahryman Arkadagymyza bolan söýgi-buýsanjyň egsilmezdiginiň nyşanydyr. Goý, halkymyzyň sagdyn, ruhubelent, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, bedenterbiýäniň we sportuň ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Watanymyzy şan-şöhrata beslejek ýyllaryň biri bolup, taryha altyn harplarda ýazylsyn!

Boksçularymyzyň ykjam taýýarlygy

paýtagtymyzda geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda aýdyň beýanyny tapýar Täze ýylda türgenlerimize möhüm synaglar garaşýar. Şol synaglara — möhüm ähmiýetli ýaryşlara ykjam taýýarlykly barmak bolsa ýygyndy toparlarymyzyň öňündäki wajyp wezipedir. Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň hem ykjam taýýarlygyny gazanmak maksady bilen, tamamlanan ýylyň 15—30-njy dekabry aralygynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Beýik Serdar nesilleri» medeni-dynç alyş merkezinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygy guraldy. Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň ýygyndy toparymyzyň türgenleri üçin köptaraply amatlyklary, ähli zerur şert-mümkinçilikleri özünde jemländigini bellemelidiris.

Zehinleriň sarpalanýan zamanasy

Gahryman Arkadagymyza guwanyp, buýsanyp ýaşaýan, medeni-sport çärelerine işjeň gatnaşýan ýaş nesiller hakynda söhbet etmegiňem özboluşly ýakymlylygy bar. Sebäbi olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelen bagtyýar nesiller. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň zamanasynyň buýsançly nesilleri. Biziň bu günki ýazgymyzam şolaryň biri, has dogrusy, Balkan welaýatynyň Gumdag şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy, şäheriň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 2-nji sport mekdebiniň türgeni Tagansoltan Mantyýewa hakynda bolar. – Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramlary bilen taryha zer harplar bilen ýazylan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly dost-doganlygyň, parahatçylygyň, sagdynlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzyň merdana türgenleriniň sportdaky üstünlikleriniňem dabaralanan ýyly boldy. Esasan hem Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Polina Gurýewanyň Watanymyza ilkinji olimpiýa medalyny getirmegi tutuş halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy begendiren, buýsandyran üstünlik boldy. Şeýle ajaýyp ýeňişlere ýetmek, Diýarymyzyň sport abraýyny dünýäde has-da belende götermek biziňem esasy maksadymyz – diýip, buýsanç bilen gürrüň berýän Tagansoltana, elbetde, maksadynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris.

Welaýatlardan habarlar

Täze ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni sport toplumynyň kiçi mejlisler zalynda şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminde zähmet çekýän tälimçilerdir türgenleriň gatnaşmagynda täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmek babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hakynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ynsan saglygynyň iň gymmatly baýlyk saýylyp, halkymyzyň saglygyny goramak we ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn, zyýanly endiklerden daşda durýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde aladalaryň edilýändigi barada aýdyp geçdiler. Arzygül GARAJAÝEWA,

Sportda täze belentliklere

Tamamlanan ýylda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan taýýarlanan meýilnamalardyr maksatnamalaryň ählisi üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu işde Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem möhüm orny bardyr. Baş müdirligiň beýleki sport ojaklary bilen birlikde 1-nji sport mekdebinde hem Arkadag Prezidentimiziň sport syýasatyny durmuşa geçirmekde uly işler alnyp barylýar. Mekdebimizde sportuň birnäçe görnüşi boýunça ykjam türgenleşik sapaklary geçirilýär. Bilim ojagymyzyň sportuň başa-baş görnüşlerine ýöriteleşdirilendigi bolsa şol görnüşleriň ösdürilmeginde mekdebimize möhüm ornuň degişlidigini görkezýär. Şolaryň hatarynda sportuň boks, kikboksing, sambo, dzýudo, kýokuşinkaý we adaty karate görnüşlerini aýratyn bellemelidiris. Kärine ussat hünärmenleriň tälim bermegi bolsa ýaşlaryň birkemsiz taplanmagyna getirýär. Ç.Geldimyradow, M.Annagulyýew hem-de M.Pazzyýew ýaly ussatlarymyz ýaşlara boks boýunça tälim berseler, G.Çaryýew, J.Sazakow we R.Umirow kikboksingden toplan tejribelerini şägirtleri bilen paýlaşýarlar. Bu sanawyň üstüni Ş.Hallyýew, R.Araşow, B. Geldiýew, T.Tejenow, A.Sähedow, D.Berdiýew we beýleki ussatlarymyz bilen ýetirmek mümkin. Şeýlelikde, biziň sport ugurly ojagymyzda milli ýygyndy toparlarymyzyň agzalary kemala gelýär. Elbetde, şeýle ussatlaryň ýetişmegi milli Liderimiziň ýurdumyzda professional sporty ösdürme

Alabaý – milli buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýandygy her birimizi buýsandyrýar, guwandyrýar. Halkymyzyň şöhratyny Ýer ýüzünde beýgelden şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň birem, elbetde, edermenligi, wepalydygy, akyllydygy bilen tapawutlanýan meşhur alabaýlarymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen, ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde ykrar edilmeginde uly orna eýe bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagynyň özem milli gymmatlygymyza goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşany boldy. Gözel paýtagtymyzda umumy beýikligi 15 metre barabar bolan «Türkmen alabaýy» heýkeliniň açylmagy hem buýsanjymyza buýsanç goşdy. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bolsa türkmen alabaýlaryna bütin dünýäde uly gyzyklanmanyň artmagyny üpjün etdi. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlarynyň döredilmegi bolsa alabaýlary seýislemekde we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, itçilik pudagyny ösdürmekde tutumly işleriň alnyp barylýandygynyň we şol işleri alyp barýanlaryň hormat-sarpalarynyň belentdiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Açyk sapak geçirildi

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebinde tamamlanan ýylyň noýabr – dekabr aýlarynda söweş sambosy we jiu-jitsu boýunça açyk sapaklary geçirildi. Jiu-jitsu boýunça Rüstem Imamgulyýew, söweş sambosy boýunça Mämmet Söwetow dagy ýaşlara sapak berdiler. Geçirilýän şeýle açyk sapaklar türgenleri gelejekki ýaryşlara taýynlamaga uly itergi berýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebinde sportuň 7 görnüşi ýagny, söweş sambosy, sambo, erkin göreş, jiu-jitsu, grek-rim göreşi, agyr atletika, uşu boýunça tälim berilýär. Sport mekdebimizde ýaşlaryň 521-si tejribeli tälimçilerimizden tälim alýarlar. Mekdebimiziň tälimçi-mugallymlary ýakyn geljekde sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem açyk sapaklaryny geçirmegi göz öňünde tutýarlar.

AFK-nyň ýaryşlary

Şu ýylyň dowamynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy iri futbol ýaryşlarynyň birnäçesini geçirmegi meýilleşdirýär. Olaryň arasynda AFK-nyň Çempionlar ligasy, AFK-nyň Kubogy, futbol boýunça ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyry, uly ýaşly futbolçylaryň arasynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary türkmenistanly futbol janköýerleri üçin hem sabyrsyzlyk bilen garaşylýan wakalaryň hataryna girýär. Çünki bu ýaryşlara türkmen toparlarynyňdyr ýygyndy toparlarymyzyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şu ýylyň 1 – 19-njy iýuny aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde 23 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň bije çekişligini 17-nji fewralda geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Abraýly ýaryşyň final tapgyryna ilkinji gezek gatnaşýan Ahmet Agamyradowyň tälim berýän ýaşlar ýygyndymyz bije çekişlige dördünji sebetden goşular. Bije çekişligiň netijesinde toparçalaryň dördüsi emele gelip, her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçilik alarlar.

Täze mümkinçilikleriň gözleginde

2022-nji ýylyň tomsunda Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda çykyş edýän futbolçylaryň ençemesiniň şertnamalarynyň möhleti dolýar. Belli sebäplere görä maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän toparlar oýunçylarynyň hemmesine olaryň göwnünden turjak şertleri döredip bilmeýär. Şonuň üçinem, möwsümiň ahyrynda meşhur futbolçylaryň ençemesi toparlary bilen şertnamalaryny uzaltman, başga toparlara geçip bilerler. Geliň, şu ýerde tomusda şertnamasy tamamlanýan esasy oýunçylara we olaryň hyýallanýan toparlaryna gysgaça göz aýlalyň! Kilian Mbappe

Taryhda şu gün

Onuň Olimpiýa oýunlarynyň, dünýädir Ýewropa çempionatlarynyň hem-de Dünýä kubogynyň ýeňijisi bolmagy başaran az sanly türgenleriň arasyna goşulandygyny hem bellemek gerek. Adygan türgen 2004-nji ýylda Afinyda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim edipdi.

Türkmenistan Täze ýyly garşylady

Garaşsyz, hemişelik BitarapTürkmenistan täze, 2022-nji ýyly agzybir maşgala bolup garşylady. Täze ýyl baýramynyň esasy wakalary «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada guraldy. Köpetdagyň garly gerşleriniň, ak mermerli belent binalaryň ajaýyp görnüşi Täze ýyl dabarasyna aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Meýdançada gurnalan sahnada meşhur estrada aýdymçylary, sungat ussatlary hem-de ýaş aýdymçylar çykyş etdi. Ýurdumyzyň iň gowy aýdymçylary we sazandalary milli sazlary hem-de aýdymlary bilen ata Watanymyza bolan çäksiz duýgularyny beýan edýärler, türkmen halkynyň Arkadagynyň beýik işlerini wasp edýärler. Sanly ulgam arkaly bu dabara Diýarymyzyň sebitleri hem goşuldy. 2021-nji ýyl Türkmenistanyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylar hem-de hakydamyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenen ýyly, milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly beýik işleriň ýyly hökmünde galar. Täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygarynyň çuňňur manysy bar. Bu şygar tutuş halkymyzyň bagtyýar eýýamy esaslandyran hem-de Watanymyzy täze belentliklere alyp barýan Gahryman Prezidentimize söýgüsiniň we hormat-sarpasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Dowamatlylyk mowzugy «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen ýubileý ýylynyň dürli çärelerinde öz beýanyny tapdy. Yhlasly hem-de tutanýerli zähmete beslenen bu ýy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Buýsanjymyzy artdyran baýram

Milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz alabaýyň Watanymyzyň baýlygydygyny, onuň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydygyny, ony gorap saklamagyň, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmegiň biziň borjumyzdygyny nygtaýar. Alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamak, baş sanyny köpeltmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň soňky ýyllarda barha artmagy bolsa şol borja abraý bilen hötde gelinýändiginiň güwäsidir. Ajaýyp zamanamyzda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, Diýarymyzyň sebitlerinde alabaý itleriniň tohum arassalygyny saklamak, olary goramak, köpeltmek maksady bilen türkmen alabaýlarynyň merkezleriniň açylyp, ulanylmaga berilmegi milli gymmatlygymyza halkymyzyň çäksiz uly sarpa goýýandygynyň, ony goraýandygynyň, aýaýandygynyň kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 27-nji dekabrda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda Permana gol çekmegi bolsa bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işleriň dowamat-dowamdygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.

Halk söýgüsiniň dabaralanmasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir şöhratly ýyly altyn harplarda ýazylyp, taryha girdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolup geçen taryhy wakalara, durmuşa geçirilen ägirt uly işlere, il bähbitli, ýurt ähmiýetli özgertmelere nazar aýlanymyzda, geçen ýylyň ösüşleriň, üstünlikleriň ýyly bolandygyna bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýärsiň. Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýylyň döwrebap atlandyrylmagy indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle edilmeginiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ruhlandyryjy güýjüni, halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny, gülläp ösüşini alamatlandyrýandygyny, türkmen halkynyň ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza söýgi-buýsanjyny öňküden-de artdyrýandygyny, täze-täze üstünliklerine ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Iň gowy arzuwlar hem belent maksatlar bilen garşy alynýan 2022-nji ýylyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilmegi hem Gahryman Arkadagymyza bolan belent hormat-sarpanyň hem-de bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän taryhy tutumlara, beýik işlere buýsanjyň aýdyň nyşany bolup dabaralandy. 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklibiň hut halkymyzyň kalbyndan, arzuw-islegi

Täze ýyla gujak açýar diýarym

Hoş geldiň, Täze ýyl, ýollaryň rowanArkadagly güller açýan Diýarda.Gadamlaryň bolup dowamat dowamArkadagly nurun saçýan Diýarda. Bereket bol, agzybirlik getir sen,Arzuwlyny maksadyna ýetir sen,Törlerinde orun tutjak ertir sen,Arkadagdan rowaç alýan Diýarda.

Arkadagly ajap zaman

28-nji dekabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan etmek hakyndaky Karary kabul etmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ministrligiň ýolbaşçylary, işgärleri, tälimçi-mugallymlardyr türgenler, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň müdiri D.Hangeldiýew, Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň işgäri M.Nurmuhammedowa, «Olimp» orta sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy S.Baýrammyradow, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygynyň orunbasary M.Selimow we beýlekiler çykyş etdiler. Çuňňur mazmunly çykyşlarda asylly däbe görä, her ýylyň şygarynyň kesgitlenilýändigi, munuň bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň wajyp ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýändigi, halkymyz üçin möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň giňden wagyz edilmegini üpjün edýändigi bellenildi. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda bedenterbiýe we sport ulgamynda ägirt uly ösüşleriň gazanylandygyny, her bir üstünligiň bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydygyny nazara alyp, halkymyzyň gyzgyn goldamagy netijesinde 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip y

Baýramçylyk bäsleşikleri

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda Täze ýylyň öňüsyrasynda birnäçe bäsleşikler geçirildi. Müdirligiň hünärmenleri geçirilen bäsleşikleriň netijeleri barada habar berýärler. 25-26-njy dekabrda basketbol boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Bäsleşik Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda guraldy.

Täze ýyl arzuwlary

Polina GURÝEWA, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady:

Şöhrata beslenen ýyl

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünliklere beslenen ýene bir ýyly taryha girdi. Elbetde, bu ýyl ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli sportumyzyň ösüşinde hem ähmiýetli wakalara baý boldy. Şeýle wakalaryň hatarynda ildeşimiz Polina Gurýewanyň olimpiýa medalyny aýratyn bellemelidiris. Çünki bu üstünlik türkmen sportunyň iň uly netijeleriniň biri hökmünde tamamlanan ýyly şöhrata besledi. Onuň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda gazanylmagy bolsa toý şowhunynyň goşalanmagyna getirdi. Hakykatdan hem, Olimpiýa oýunlarynda şeýle üstünlige ýetmek sport dünýäsiniň diýseň möhüm menziline gadam goýmakdyr. Şol üstünligiň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriň miwesidigi bolsa milli Liderimiziň türkmen sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň şeýle belent derejesinden nyşandyr.