Islendik ýaryşda, aýratyn-da, Olimpiýa oýunlarynda gazanylýan üstünlik diňe bir abyrsyz çekilen zähmetiň miwesi dälmikä diýýän. Dünýäniň iň iri sport baýramynda medal gazanmak üçin özüňde bar bolan başarnygyňy gerek ýerinde görkezmelidigiň ýeňşiň esasy ädimi bolup durýar. Abraýly ýaryşda çykyş edýän türgenleriň belli wagtda, netijeli çykyş etmeginde onuň fiziki taýýarlygynyň wajyp bolşy ýaly, ruhy taýýarlygy hem esasy orna çykýar.
Halypa kärdeşlerimiziň biriniň ýurdumyza belli agyr atletikaçylaryň biriniň türgenleşiklerde emgenmän galdyryp duran agramyny ýaryş münberine çykanda alyp bilmeýändigi hakynda aýdany ýadyma düşýär. Bu – tötänlik däl. Bu – hakykat. Gürrüň, elbetde, türgeniň şol pursat başdan geçirýän ahwaly, başgaça aýtsak, psihologik ýagdaýy barada. Türgen her näçe ýaryşa taýýar bolsa-da, onuň aýgytlaýjy pursatda özüni nähili duýýandygy öňdäki orna çykýar...