Mynasyp çykyş

6 Awgust 2021
893

Sportuň her görnüşinde esasy ugurlar bolýar. Ýeňil atletikada 100 metr aralyga ylgamak, suwda ýüzmekde 50 metr aralyga ýüzmek, tennisde «Uimbldon», welosportda «Tur de Frans»... Agyr atletikada bolsa iň agyr agram bolan 109 kilogramdan ýokary bäsleşikler sportuň bu görnüşiniň esasy bezegi hasaplanýar. Köpleriň ünsüni özüne çekýän şeýle bäsleşiklere tomaşa etmegiň lezzeti-tolgunmasy has üýtgeşik bolýar. Aslynda şol bäsleşige sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyňam, oňa aýratyn gyzyklanma bilen tomaşa edýändigiňem belki, şonuň üçin bolsa gerek. Ine, bu gezegem şeýle boldy.

Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikaçylaryň bäsleşiginde iň agyr agramda çykyş edýän türgenleriň çykyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Onda ildeşimiz Hojamuhammet Toýçyýewiň çykyş edýändigi bolsa has-da ruhlandyrdy. Bu bäsleşigiň dünýä sportunyň üns merkezindedigine hem şek-şübhe ýokdy.

Orazgeldi GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».