Pälwançylyk ýoly

6 Awgust 2021
1272

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyz şeýle diýip nygtaýar: «Sport – gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Beden we ruhy taýdan sagdynlyk adamyň durmuşa bolan ynamyny we höwesini artdyrýar. Ýaşlara berjek nesihatym, sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşydyr». Ine, hormatly Prezidentimiziň şu atalyk nesihatyna eýerip, şu günki gün gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşy bolan sporty öz durmuşynyň hemişelik hemrasyna öwürýän ýaş nesilleriň sany barha köpelýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen ajaýyp şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan şeýle ýaşlaryň biri-de balkanabatly Merdan Annamämmedowdyr.

2004-nji ýylda Balkan welaýatynyň merkezi şäherinde doglan Merdan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň sentýabr aýyndan başlap şäherdäki 6-njy orta mekdebiň 11-nji synpynda okap başlar. Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebine bolsa ol indi 10 ýyla golaý wagt bäri, ýagny orta mekdebiň 1-nji synpynda okap ýören döwründen bäri gatnap gelýär.

Aşyrberdi GURBANOW.