Käbe kelamy

30 Iýul 2021
873

Men bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenany. Gyzym Polinanyň gazanan kümüş medaly diňe bir maşgalamyzy däl, tutuş halkymyzy buýsandyrdy. Her bir türgeniň gazanýan üstünligi hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmek barada edýän aladalarynyň netijesidir.

Gyzym Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýola düşende «Käbäm, men medalsyz dolanmaryn. Öz öňümde maksat goýdum. Oňa ýetmek üçin elimde baryny gaýgyrman» diýen pursady gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Dogrymy aýdaýyn, begendim hem ynandym. Polina sözünde tapylyp, şol ynamy doly ödedi. Men şol tolgundyryjy pursatlary internetiň üsti bilen yzarladym. Dogrusyny aýtsam, öte tolgundym. Onuň medal gazanandygyny görenimde bolsa begençden göz ýaşlarymy saklap bilmedim. Gyzymyň bu üstünligi hormatly Prezidentimize, mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlamagy has-da guwandyrdy.

Swetlana GURÝEWA,
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewanyň ejesi.