Garaşsyzlyk – çüwen bagty türkmeniň

6 Awgust 2021
1160

Türkmen halky bu gün öz bagtyna – dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederlerimiziň arzuwlan Watany! Mundan 30 ýyl öň täze bir altyn sahypa açyldy. Berkararlyk Tuguny parladyp, bagtyýarlyk aýdymyny aýdyp, erkinligiň şaýoluna düşen halkymyz dünýewi, demokratik, hukuk döwletiniň binýadyny berkden tutdy.

Taryhyň dürli gowgaly we galagoply döwürlerinde hem ynsanperwer ýörelgelerine uly ähmiýet beren ulus-ilimiz eşretli eýýamyň, döwletli döwranyň, Garaşsyz döwletiň eýesi boldy. Turuwbaşdan bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, jebislik, milli demokratik ýol-ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde saýlap aldy. Bu ugur dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Eziz Diýarymyza dost-doganlyk goluny uzadýan, Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýýan ýurtlaryň sany günsaýyn artdy we artýar.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.