Golaýda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygyna bagyşlanyp «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym!» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, welaýat häkimliginiň 5-nji başlangyç hünär okuw mekdebi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.
Maslahatda çykyş edenler Bitaraplyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň sebitde, dünýäde parahatçylygy wagyz ediji ýurtdygy barada aýdylanlar uly gyzyklanma bilen diňlendi.