Sport lukmançylygynyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösmegi türgenleşikleriň netijelerini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Munuň özi bolsa türgenleriň taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagyna täsirini ýetirýär. Alymlaryň pikiriçe, beýnini dogry netijä gelmäge uýgunlaşdyrmagyň barşynda aň ukybyny güýç maşklary, galyberse-de oýun endikleri bilen gezekleşdirip türgenleşdirmeli.
Elbetde, tehniki serişdeleri seljermegiň, anyklamagyň usuly hökmünde hem peýdalanyp bolar. Olar her bir türgen barada maglumat toplamaga, onuň bilen gelejekde nähili iş alyp barmalydygy babatda hem tälimçä köp ýeňillikleri döredip biler. Täze tehnologiýalaryň üsti bilen alnan maglumatlar türgeniň ussatlygyny artdyrmakda, türgenleşikleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.