Sportda täze belentliklere

17 Dekabr 2021
1153

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda durmuşyň ähli pudaklarynda asyrlara barabar beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň esasy maksady türkmenistanly raýatlaryň sagdynlygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmekden, okuwçylaryň bedenterbiýä höwesini artdyrmakdan, ussat türgenleri taýýarlamakdan, ýurdumyzda geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemekden, Diýarymyzyň sport abraýyny has-da belende götermekden ybaratdyr. Türkmenistan häzirki döwürde Aziýada, Ýewropada hatda bütin dünýäde sport merkezi hökmünde tanalýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris.

Bu gün Türkmenistan döwletimiziň her bir raýatynyň bedeniniň berk, ömrüniň uzak bolmagy, olaryň saglygyny gorap saklamagy üçin niýetlenip gurlan we gurulýan, iň soňky tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport we bedenterbiýe desgalary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, seýilbaglary barmak büküp sanardan köpeldi. Ol desgalarda kiçi ýaşly çagalardan başlap, ýaşululara çenli günüň bütin dowamynda türgenleşip, saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýagdaý ýaş nesliň saglyklaryny gorap saklamaklaryna, wagtlaryny peýdaly geçirmeklerine giň mümkinçilikler berýär. Mekdep okuwçylarynyň bedenterbiýe okuw sapaklarynyň we sapakdan daşary geçirilýän gurnaklaryň, ders bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulmagynyň etrap, welaýat çäklerindäki bäsleşikleriň, spartakiadalaryň ýaşlaryň bedenterbiýä höwesini has-da artdyrýandygy buýsandyrýar. Orta mekdeplerde bedenterbiýe sapaklarynyň köpeldilmegi hem ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir.