Welaýatlardan habarlar

2 Iýul 2021
234

Golaýda Mary welaýatynyň köpugurly sport mekdebinde futbol boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy J.Hudaýgulyýew, TFF-niň welaýat bölüminiň başlygy J.Orazmuhammedow, «Merw» sport klubunyň başlygy G.Myradow hem-de şäheriň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ý.Baýramow dagynyň gatnaşan ussatlyk sapagynda «Merw» toparyndan M.Saparow, R.Gereýhanow, P.Gazakow 5-nji sport mekdebiniň oýunçylary bilen türgenleşik geçdiler. Duşuşyk ýaşlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, saýlap alan sportuna has-da höweslendirdi.

Selbi HANOWA,