Sport mekdeplerinde

2 Iýul 2021
248

Golaýda Mary şäheriniň Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde hormatly Prezidentimiziň türkmen milli oýunlaryny wagyz etmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, sport mekdebiniň türgenleriň arasynda «Aýterek-günterek», «Ogar-ogar», «Guba gazlar» atly türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikler guraldy. Oýunlar gyzykly, göçgünli we özüne çekiji ýagdaýda geçdi. Ata-babalarymyz hem şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, çagalar üçin köpsanly oýunlary döredipdirler. Milli oýunlar dürli ýerlerde ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, çagalarda zehini hem-de ruhy-ahlak häsiýetleri, tutanýerliligi, sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendir.

Milli oýunlar boýunça geçirilen bäsleşiklerde tapawutlanan türgenlere Hormat hatlary gowşuryldy.