Maslahat geçirildi

2 Iýul 2021
211

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Öňe barýan eziz Diýar, Gahryman Arkadagymyz bar» ady bilen maslahat geçirildi. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň TMÝG-niň we TDP-niň Aşgabat şäher geňeşleri, Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatynyň möhüm taraplary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Ýurdumyzda bedenterbiýe sport hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmekde alnyp barylýan uly işler çykyşlarda giň beýanyny tapdy. Bilşimiz ýaly, sport ulgamynda zähmet çekýän adamlaryň, türgenleriň öz işlerini döwrebap alyp barmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Halkara ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport toplumlarydyr desgalary höwesjeň şeýle hem professioanal derejeli türgenleriň üstünliklerine giň ýol açdy. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi gowulandyryldy. Ýurdumyz bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Bu hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Eneş NURJANOWA,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hünärmeni.