Ýurdumyzyň futzal çempionaty

2 Iýul 2021
200

5-nji iýulda toparlaryň sekizisiniň («Köpetdag», «Senagatbank», «Migrasiýa», «Gümrükçi», «Serhetçi», «Milli goşun» – hemmesi-de Aşgabat şäheri, TNGIZT, «Deňizçi» – ikisi-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri) gatnaşmagynda Türkmenistanyň nobatdaky futzal çempionaty – «Naýbaşy ligasy» başlanar.

Futzal çempionaty dört aýlawdan ybarat bolup, jemleýji, 28-nji tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň 6-njy noýabrynda geçiriler. «Naýbaşy ligasynyň» duşuşyklary Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler.