Türkmenistan – Gyrgyz respublikasy: sport we ýaşlar babatdaky hyzmatdaşlyk

2 Iýul 2021
232

Bu gün Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynamly öňe barýan ýurdumyz dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak döwleti bilen hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Abraýly halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolup durýar. Döwletimiziň esasy hyzmatdaşlarynyň biri-de Gyrgyz Respublikasy bolup, 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Teswirnama esasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şondan bäri iki döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk ýylsaýyn ösýär.

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesini goldamak bilen, türkmen tarapynyň ýurdumyzyň ägirt uly parahatçylyk söýüjilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen wajyp halkara başlangyçlaryny makullaýar.

Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.