Basketbol bäsleşigi

2 Iýul 2021
223

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa düýpli ornaşdyrmagyň, şeýle hem türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmagyň eýýamy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän sport bäsleşiklerine ýaşlaryň höwes bilen gatnaşýandygy bolsa bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlanmasyna öwrülýär.

Golaýda hormatly Prezidentimiziň doglan gününe bagyşlanyp Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda basketbol boýunça 2003-2004-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda guralan bäsleşikde 6 topar çykyş etdi. Her bir geçirilen ýaryşyň örän çekeleşikli häsiýete eýe bolandygyny bolsa aýratyn nygtamak gerek. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň «Bürgüt» topary öňdeligi eýeledi. Sport mekdebimiziň «Bürgüt-2» topary bolsa ýaryşy 2-nji orunda tamamlady. «Bagtyýarlyk» topary 3-nji orna mynasyp boldy.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.