Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň ministrliklerinde, ähli pudaklaýyn we bilim edaralarynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şolarda çykyş edýänler ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli Liderimiziň öz ajaýyp kitabynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda sportda gazanan uly üstünliklerini, türkmen halkynyň döredijilikli kuwwatyny hemmetaraplaýyn beýan edýändigini aýratyn belläp geçýärler. Tanyşdyrylyşa gatnaşyjylar «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabyň giň okyjylar köpçüligine türkmen döwletiniň taryhynyň möhüm sahypalary bilen tanyşmaga, 30 ýylda ýetilen sepgitlere baha bermäge mümkinçilik berýändigi barada nygtaýarlar. Dabaranyň ahyrynda eziz Diýarymyzda halkymyzyň saglygyny goramakda, berkitmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdýarlar.
Merjen TÄÇLIÝEWA, sport synçysy.