Göwünlerimizi ganatlandyran kitap

8 Oktýabr 2021
914

Şu günler ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza gowşan «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde geçirilýär. Ildeşlerimiz ol dabaralara toý ruhy, egsilmez şatlyk-şowhun bilen gatnaşýarlar.

Täze kitapda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hem düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Bu taryhy eýýamyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylan ajaýyp döwründe bolsa milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaş nesle berilýän ylym-bilim mazmun we hil taýdan has-da döwrebaplaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamy ornaşdyrylyp, guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Döwrebap saglygy goraýyş edaralary, dynç alyş merkezleri, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda halka ýokary derejede hyzmat edilýär.

Selbi TÄÇMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.