«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Taryh üçin örän gysga wagtyň içinde Türkmenistan bedew batly ösüşleri bilen dünýä ýüzünde giňden tanaldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanyldy. Şonuň ýaly-da, geçen ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynda sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlaryň ösüşi hem möhüm orun eýeledi we eýeleýär. Bu günki gün türkmen türgenleri, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan ildeşlerimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly sowgatly geldiler.Bilşimiz ýaly, adam hakyndaky alada milli Liderimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şu babatda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ýylsaýyn okgunly ösýändigi bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halkymyzda «Saglygym – begligim» diýen pähim bar. Bu pähim Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýratyn mana, ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň beýleki künjeklerinde täze sport desgalary guruldy hem-de bar bolanlarynyň durky täzelenildi.
Elbetde, ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän täze döwrebap, halkara ülňülerine laýyk gelýän desgalaryň onlarçasynyň gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi bu ulgamyň ajaýyp binalarynyň üstüni ýetirdi. Şolaryň hatarynda köpugurly stadionlar, sport toplumlary we mekdepler, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen okuw mekdepleri, awtodromlar hem-de beýleki möhüm desgalar bar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy ildeşlerimiziň hakyky buýsanjyna öwrülip, türkmen sportuny ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Umuman, bularyň ählisi Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigine şaýatlyk edýär.