Hoşallyk maslahaty

2 Iýul 2021
266

27-28-nji iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýurdumyzda resmi saparda boldy. Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz bilen ikiçäk gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça meselelere seredildi hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi.

Olaryň arasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem, 2014-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gol çekilen şol wagtky Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet agentliginiň arasyndaky Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 – 2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.

«Türkmen sporty».