TFF-niň täzelikleri

9 Iýul 2021
560

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda Aşgabatda ýurdumyzyň futzal eminleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň futzal çempionatynyň (Naýbaşy liga) başlamagynyň öňüsyrasynda dört günlük okuw-maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň maslahatlar zalynda geçirilen okuw-maslahatyň esasy maksady futzal eminleriniň, FIFA-nyň maslahatynda bellenilişi ýaly, oýun düzgünlerine düşündiriş bermekden ybarat boldy. Onuň dowamynda FIFA-nyň fitnes-testi, şeýle-de, oýun düzgüni boýunça wideoýazgylar arkaly ýörite synaglar geçirildi.

Taýýarlan Azat OMADOW,
sport synçysy.