Gün urmasyndan goranalyň!

9 Iýul 2021
602

Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär.

Tomsuna bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Ýygy-ýygydan suw içip durmaly. Köçä çykylanda, Gün urmasyndan goranmak üçin ak ýa-da açyk reňkli egin-eşik, kelläňize ýeňiljek başgap geýmeli, ýaglyk atynmaly we saýawan götermegi endik etmeli. Şeýle hem, Günden goraýjy äýnekleri dakynmak maslahat berilýär. Yssy howadan öýe girilende, gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, buz ýaly sowuk içgileri içmek düýbünden ýaramsyzdyr.