Taryhda şu gün

9 Iýul 2021
795

1971-nji ýylyň 10-njy iýulynda kaliforniýaly telekeçiler Geri Dewidson bilen Dennis Merfiniň tagallalary netijesinde Bütindünýä hokkeý assosiasiýasy döredilýär. Hokkeý janköýerleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan Milli hokkeý ligasynyň (NHL) esasy bäsdeşi hökmünde döredilen WHA guramasy ilkibaşdan iri ýaryşlary guramagy ýola goýýar.

Bu gurama, ilkinji nobatda, Fil Espozito, Gordi Hou, Bobbi Hall... ýaly NHL-iň «ýyldyz» hokkeýçilerini öz tarapyna çekýär. 1971-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Nýu-Ýorkda WHA-nyň guramagyndaky ýaryşyň ilkinji duşuşygy geçirilýär. WHA tarapyndan geçirilen iň soňky çempionat 1978/79 möwsüme gabat gelýär. Bu ýaryşyň yzysüresi NHL-iň hem-de WHA-nyň ýolbaşçylary ýaryşlary bir guramanyň astynda geçirmek baradaky ylalaşyga gelýärler. Şondan soň professional hokkeýdäki duşuşyklar täze döredilen Milli hokkeý assosiasiýasynyň guramagynda geçirilip ugralýar.

Taýýarlan Görogly ILJANOW,
sport synçysy.