Ýelden ýüwrük bedewli Arkadagly Diýarym

2 Iýul 2021
283

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda boldy

Diňe bir bagtyýar raýatlaryň däl, türkmen halkynyň asyrlarboýy wepaly hemrasy bolup gelýän behişdi bedewleriňem alnyndan ak Gün bolup dogan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni döredip beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gadamy batly bedew» atly dürdäne eserinde şeýle setirler bar: «Dünýäniň müň bir gözelliginiň nuruny kalbyňa eçilýän bedewler bilen geçirilýän pursatlarda wagtyň hökümi başgaça bolýar. Şol mahal goýazylygyň, gor-gurbatyň janyňa ornap, aýdyň maksatlara sary beýgelýärsiň. Adaty bolmadyk güýji, kalbyňa ornaýan düşündirip bolmaýan telwasy duýýarsyň».

«Türkmen sporty».