Ýaşlar — ýurduň gelejegi

2 Iýul 2021
244

1-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz häkimlikleriň, geňeşlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň ilatyň arasynda guralýan terbiýeçilik çärelerine işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamynyň döredilip, şonuň esasynda-da ýaş maşgalalaryň goldanylmagy, ýaşlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olaryň bilim almagy, dynç alşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilendigi zamanamyzyň ajaýyp hakykatydyr.

Körpe SEÝITNAZAROW,
Magtymguly etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.