Sanly okuw-maslahat

2 Iýul 2021
224

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw-masIahat diýseň uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen ajaýyp çäre sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly ýurdumyzyň sport mekdepleriniň hünärmenlerine ýetirildi. Oňa ýurdumyzyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň garamagyndaky sport mekdepleriniň lukmanlary we tälimçi-mugallymlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagy bolsa maslahatyň has-da täsirli geçmegini şertlendirdi. Ähmiýetli maslahatyň başynda ministrligiň sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy Öwezmuhammet Atalyýew çykyş etdi. Ol sagdyn durmuşyň gözbaşy bolan sportuň ýaşlaryň ykbalyndaky ornuna ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologiki üpjünçiligi kafedrasynyň uly mugallymy Güljahan Ýalkapowanyň çykyşy türgeniň fiziki işjeňligini ýokarlandyrýan we dikeldişini tizleşdirýän serişdeler baradaky söhbeti özünde jemledi. Täsirli çykyşyň dowamynda aýdylan maglumatlar ýörite taýýarlanan görkezme diwarlyklaryny ulanmak arkaly esaslandyryldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologiki üpjünçiligi kafedrasynyň uly mugallymy Orazjahan Geldimyradowa bolsa bilim edaralarynyň işgärleriniň we tälimçileriň fiziki işjeňlik baradaky bilimlerini we endiklerini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti hakynda gürrüň berdi. Çykyşlaryň dowamynda milli sportumyzy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny sazlaşykly ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri ýaňlandy.

«Türkmen sporty».