Pyragynyň toýy — dünýäniň toýy çünki türkmeniň bu beýik şahyr ogly dünýä halklarynyň kalplaryna barýan ýoly tapan akyldardyr
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň ençemesiniň Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu waka, hormatly Prezidentimiziň şol forumdaky Çykyşynda: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi» diýip belleýşi ýaly, hakykatdan hem jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ykdysady we ylmy ähmiýeti juda uly bolan baýramçylyk hökmünde taryha girdi. Hemmämiziň şaýat bolmagymyzda, häzirki wagtda akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda abyrsyz işler amala aşyrylýar. Şol işler abraýly halkara guramalardyr dünýä ýurtlary tarapyndan hem goldanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar» diýen sözleri forumdaky dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň we ýokary derejeli wekilleriň çykyşlarynda-da nygtaldy. Aýratyn-da, R