"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Atly sportuň taryhyndan

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Atçylyk sportunda ahalteke atlarymyz özüniň häsiýetleri babatda beýleki tohumdan bolan bedewlerden tapawutlanýar. Munuň şeýledigini dürli ýyllarda geçirilen atly sport ýaryşlarynyň görnüşlerinde behişdi bedewlerimiz aýdyňlyk bilen görkezmegi başarypdylar. Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda bu barada gyzykly maglumatlaryň üstünden barýarsyň. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen atlar özüniň owadanlygy, ýüwrükligi, uzakçyllygy, çadamlylygy, eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Muňa ilkinji nobatda 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat — Moskwa atly ýörişini mysal getirmek bolar.

“Jadyly baýramçylyk” dürli yklymlarda

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara beslenýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde maşgala baýramçylygy hökmünde meşhurdyr. Bu baýramyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üýtgeýär. “Kamboja Täze ýyly” ady bilen bellenýän Täze ýyl baýramçylygy her ýylyň aprel aýynyň 13-14-i aralygynda bellenilip geçilýär. Bu täze ýyl baýramçylygy 3 gün dowam edip, onuň ilkinji güni “Moha Sonkran” diýip atlandyrylsa, ikinji we üçünji günleri “Wirak Wanabat” we “Wirak Lourng Sak” atlary bilen bellidir.

Guýrukly depe

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerini öwrenmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu gymmatlyklaryň taryhy türkmeniň şöhratly geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem özboluşlylygy bilen açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan Guýrukly depe arheologik ýadygärligidir. Ol Sarahs şäherçesinden 10 kilometr demirgazykda ýerleşip, III — VIII asyrlar bilen senelenýär. Guýrukly şäheri Parfiýa we Sasanylar döwrüne degişli, ölçegi 130x160 metrlik köşkdür. Onuň beýikligi 12,61 metr bolup, girelgesi gündogar tarapda bolan diýlip çaklanýar. Depäniň bir tarapy peselip, daşyndan seredeniňde, guýrugyň şekilini ýada salýar. Şol sebäpli ýerli ilat ony «Guýrukly depe» diýip atlandyrypdyr. Ýadygärlikde 1953 — 1957-nji ýyllar aralygynda arheolog G.Adykowyň, 1964 — 1970-nji ýyllarda Ö.Orazowyň ýolbaşçylygynda degişli arheologik toparlar tarapyndan ylmy-barlag işleri alnyp baryldy. Guýrukly depede 2010-njy ýyldan «Köne Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanasy bilen bilelikde, türkmen-polýak arheologik ekspedisiýasynyň gatnaşmagynda gazuw işleri geçirilýär. 2014-nji ýyldaky işleriň esasy maksady bu depäniň gorag diwarlaryny wagt taýdan senelendirmek we dolandyryş köşgüniň şekilini ýüze çykarmakdan ybarat bolup, işler Guýrukly depäniň gündogar we günorta-günbatarynda alnyp baryldy.

«Akylly» öýler

Adamzat ähli döwürde hem ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek, daş-töweregimizi gurşap alýan ägirt uly dünýäniň özünde saklaýan syrlaryny açmak, öwrenmek, göz ýetirmek isläpdir. Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerimize çenli  ýazyjy-şahyrlar, alymlar durmuşymyzy ýeňilleşdirjek tehnologiýalaryň dörejekdigi barada öz eserlerinde, şygyrlarynda we ylmy işlerinde ýazypdyrlar. Ýazyjy Reý Bredberri özüniň 1950-nji ýylda neşir edilen «Mylaýym ýagyş bolar» («Будет ласковый дождь») romanynda geljegiň «akylly» öýleri barada giňişleýin belläp geçipdir. Şol wagtlar bu pikir başa barmajak täsinlik ýaly bolsa-da, häzirki döwürde adamlar şeýle jaýlarda ýaşap ýörler. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň diňe bir ýaşaýyş jaýlarynda däl, eýsem şaýollarydyr köçelerinde, edara-kärhanalarynda, mahlasy, ähli düzümlerinde «akylly» şäher konsepsiýasy ornaşdyrylan. «Akylly» öýleriň özünde jemleýän mümkinçilikleri we onuň taryhy barada bilmek gyzykly bolsa gerek. «Akylly» öýüň taryhy öz gözbaşyny geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan, ýagny ýagtylygy sazlaýjy enjam bolan dimmeriň döremeginden başlanýar. XX asyryň ahyrynda tehnologiýa bazarynda tranzistorlar, sanly gözegçilik enjamlar, mikroshemalar we programmalaşdyryp boljak beýleki elementler peýda boldy. Hut şol döwürde «akylly» öýleriň häzirki zaman görnüşlerine meňzeş ilkinji görnüşleri peýda bolup başlady.

Mertlik mekdebinde «alp» düşünjesi

Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp eserinde: «Ata-babalarymyz mertlik, lebzihalallyk, kasama wepalylyk meselesini asyrlardan-asyrlara geçirip, nesilleri terbiýeläpdir. Şol terbiýe bilen hem ilini-ýurduny gorapdyr. Ata-babalarymyzyň durmuşynda il-ýurdy goramak ilkinji orunda goýlupdyr» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýan edişi ýaly, milli taryhymyzyň gatbar-gatbar sahypalarynda ata-babalarymyzyň merdi-merdanalyk, gaýduwsyzlyk häsiýetleriniň waspy aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Pederlerimiziň ynsanperwerligi, parahatçylyk söýüjiligi bilen bir hatarda, ene topragy, agzybirligi, halkyň asudalygyny goramakda şirin jandan geçmek ýaly mukaddes taglymatlarynyň bolandygy äşgärdir. Il içinde şol mertleriň gahrymançylygyny wasp edip, dürli atlary dakmak bolsa, Oguz han döwründen gelýän milli dessurymyzdyr. «Kitaby Dädem Gorkutda» ýaş ýigitleriň göze deger bir iş bitirenden soňra at alýandyklary Bogaç hanyň mysalynda görkezilýär. Ýagny Bogaç han öküziň maňlaýyna ýumruk atyp, ýere serenden soňra şeýle ada eýe bolupdyr. Oňa «Bogaç» adyny hut Gorkut atanyň özi dakypdyr. Munuň terbiýeçilik ähmiýetinde mertlige, gaýduwsyzlyga ruhy itergi duýulýar.

Gadymy hem müdimi Şähryslam

Diýarymyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, gadymy döwürlerde gülläp ösen ajaýyp şäherleriň taryhy-binagärlik ýadygärlikleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olar ýurdumyzyň çar künjünde ýerleşip, döwlet tarapyndan goralýar we ylmy-arheologiki gazuw-agtaryşlaryny we dikeldiş işlerini alyp barmak arkaly yzygiderli öwrenilýär. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Nusaý, Änew, Abiwerd, Altyndepe, Namazgadepe, Sarahs ýaly gadymy ýadygärlikleri buýsanç bilen görkezmek bolar. Şeýle ýadygärlikleriň hatarynda welaýatyň çäginde ýerleşen Şähryslam şäheri aýratyn orna eýedir. Şähryslam şäheri özüniň tebigy taýdan ýerleşişi, jaýlarynyň binagärlik-gurluşy, çarwa medeniýeti babatda dürli aýratynlyga eýe bolupdyr. Bu gadymy şäher hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gymmatly maglumatlar bar. Kitapda beýan edilişi ýaly, Şähryslam şäheriň Bäherden şäherçesiniň merkezinden 20 kilometr demirgazykdaky orta asyr Täk Ýazyr galasynyň galyndysydyr.

«Hakyda göwheri»: taryhyň geljege ýaňy

«Biziň halkymyza ylma yhlaslylyk we kitaplara bolan söýgi mydama-da mahsus bolupdyr. Halk nesilden-nesle geçip gelýän kitaplary gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserinde belläp geçýär. Elbetde, kitap okamak, ylym öwrenmek türkmeniň aslynda bar diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Esasan hem halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän geçmişini, türkmenleriň taryhy döwürlerde görkezen mertliklerini, gahrymançylyklaryny, gadymy arhitektura ýadygärliklerini, medeni gymmatlyklaryny açyp görkezýän kitaplaryň gymmaty has-da uly bolýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda bu kitabyny sowgat bermegi halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy, joşgunyny ganatlandyrdy. Bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär. Bu gymmatly eser bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüler hem-de baý many-mazmuny bilen dürli ýaşdaky watandaşlarymyzd

Ýene-de Meňli hakynda

Magtymguly atamyzyň şahsy durmuşy hemmelere gyzykly. Ýöne wagt çäginiň daşlygy, XVIII-XIX asyrlaryň syýasy durnuksyzlygy köp maglumatlaryň ýitmegine getiripdir. «Magtymguly öz söýen gyzy Meňlä öýlenipdirmi, ol gyz kim?» diýen ýaly sowallary halk köpçüliginden häli-şindi eşitmek bolýar. Bu barada gapma-garşylykly pikirler köp. Takmynan, 300 ýylyň wakalarynyň içinde bolup, anyk maglumatlary ýazyp beýan edip giden adam ýok. Magtymguly atamyzyň goşgularynda-da bu barada jedelsiz jogap goýmandyr ýa-da biziň günlerimize gelip ýetmändir. Bu jogaby diňe biziň günlerimize gelip ýeten rowaýatlardan, Magtymguly atamyzyň nebereleriniň gürrüňlerinden, onuň goşgularyndan manysyny teswirläp almaly bolýar. Bu pikir barada adaty adamlar we Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler iki topara bölünýärler. Birinji topar Magtymguly Meňlä öýlenipdir, soňra pelegiň şumlugy, ýagny Meňliniň dünýeden gaýtmagy zerarly aýra düşüpdir diýen pikiri öňe sürýär. Ýöne bu pikiri öňe sürýänleriň subutnamalaryny gowşak görýän.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan:

— Ajaýyp «Oguznama» eserinde Ogzuň ogullaryna at dakmakdaky eýeren ynamy «Asman-Zemin» bitewüligi dogrusyndaky pikiriň haýran galdyryjy jemlenmesidir. Şu taglymatyň içinde sansyz köp pikirler ýaşaýarlar. Iň nygtalmaly ýerem, şol pikirleriň, netije aýdyňlygynyň adamzada derwaýys bolup durýanlygydyr. Özüňden beýgelip, il bolunýar, iliňden beýgelip, halk bolunýar, halkyňdan beýgelip, dünýä bolunýar. Şu ýerde hyýalyma «Bir öýüň yşygy beýleki öýe düşmez» diýilýäni hem gelýär. «Yşygyňy» goňşy-golamyň, içiň-daşyň bilen deň düşer ýaly etmek üçin «yşyk» bir öýe niýetlenilip ýakylmaýar. «Yşyk» nur çaýyp, şamçyrag gymmatbaha daşy ýaly, ähli ýere ýagtylyk berýär.

Kagyz önümçiliginiň taryhy

«Kagyz haçan we nirede ýüze çykdy? Kagyz döremänkä adamlar maglumatlary nämede sakladylarka?» diýen sowal köpleri gyzyklandyrýandyr. Kagyz döremezden öň adamlar maglumatlary agaç gabygyna, ýapraklara, derä, süňklere ýazyp saklapdyrlar. Maglumat saklamak üçin ulanylan serişdeleriň biri-de papirusdyr. Ony kagyz hökmünde, takmynan, biziň eýýamymyzdan 4000 ýyl öň Müsürde ulanyp başlapdyrlar. Kiçi Aziýada biziň eýýamymyzdan öň II asyrda pergamentden hem peýdalanypdyrlar. Pergamenti öndürmek juda çylşyrymly, kyn iş bolup, ol sygyrlaryň we goýunlaryň derisinden taýýarlanylýar. Onuň iki tarapyna hem ýazyp bolýar. Pergamentde ýazgylar uzak wagtlap saklanýar.

Seljuk soltanlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Serdar Berdimuhamedow:— Meniň baş maksadym garaşsyzlygymyzyň we bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. (Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda).

Gymmatly çeşme

Magtymguly Pyragynyň ady bu gün dünýäniň çar künjeginde tanalýar. Şahyryň goşgulary ynsanyň milletine, diline, ýaşyna garamazdan, onuň kalbyna aralaşyp, ony özüne maýyl edýär. Magtymgulynyň goşgularyna taryhy çeşme hökmünde seretsek, taryhy çeşmeşynaslygyň ilki we esasy talaplaryna üns bermegimiz gerek. Ilki bilen, taryhy çeşme näme?! Bolup geçen islendik zat barada maglumat berip bilýän islendik zat çeşmedir. Ondan edilýän talap çeşmeleriň adamlar tarapyndan döredilip, adamzat barada habar berip bilmegidir. Ýöne çeşmeşynaslygyň diňe ýazuw, özi hem ilkinji çeşmeleri öwrenýändigini bellemegimiz gerek.

Söz ussadyna sarpa

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy barada: «Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi başaran şahyrdyr» diýip, aýratyn belleýär. Beýik söz ussadynyň şol derejä ýetmek üçin, onuň «San bolsam» goşgusynda atlaryny agzap geçýän Gündogaryň beýik danalary Abu Seýidiň, Omar Haýýamyň, Hemedanynyň, Firdöwsiniň, Nyzamynyň, Hafyzyň, Jelaleddin Rumynyň hem-de Abdyrahman Jamynyň döredijiliginden ylham alandygy nygtalýar. Sebitde belli şahsyýetleriň kemala gelmegine belli filosof Ibn Arabynyň eserleriniň täsir edendigi baradaky maglumatlar özbek alymy D.M.Holmuminowyň ylmy işlerinde öz beýanyny tapýar. Alym D. M. Holmuminow Ibn Arabynyň 400-e golaý eser ýazandygyny, olardan 200-den gowragynyň biziň günlerimize gelip ýetendigini belleýär. Olaryň arasynda «Futuhat al-Makkus» («Mekgedäki ýeňiş»), «Fuzus ul-Hikam» («Akylyň merjeni»), «Wahadat al-wujud» («Barlygyň jebisligi») eserleri iň ýörgünlileri hasaplanylýar. Bu agzalan çeşmeleri filosof alymlar hem öz işlerinde ýygy-ýygydan peýdalanypdyrlar.

Saýawan

Güneşli hem-de ýagynly günlerde peýdalanylýan saýawanyň gelip çykyşy hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Gadym döwürde saýawan diňe Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin oýlanyp tapylypdyr. Saýawanyň adynyň gelip çykyşy hem muny subut edýär. Ol «umbros» diýen latyn sözünden gelip çykyp, «kölege» diýen manyny aňladýar. Günden goraýjy saýawanlar ýeňil we sada görnüşde bolup, olar mundan 4 müň ýyl ozal gadymy Müsürde döräpdir. Ilkinji saýawanlary palma agajynyň ýapraklaryny tutawaja berkidip ýasapdyrlar. XI asyrda Hytaýda ýüpekden taýýarlanan suwa çydamly saýawanlar öndürilip başlanypdyr. Soňra bu saýawanlar Ýewropa ýurtlarynyň hem köpüsine ýaýrapdyr. Irki döwürler Gadymy Gresiýada we Müsürde saýawany zenan maşgalalar bezeg hökmünde ulanypdyrlar. Saýawanlarda soňky döwürler açylyp ýapylma mümkinçiligini hem döredipdirler. XVI-XVII asyrlarda saýawanlar has giňden ýaýrap, peýdalanylyp başlanypdyr. Şol döwürde saýawanlar öndürilende ýüpek, deri, ýelek we gymmat bahaly materiallar ulanylypdyr. XVIII asyrdan başlap, saýawanlar ýagyş-ýagmyrdan we Gün şöhlesinden goranmak üçin gündelik durmuşda ulanylypdyr. Şondan soň ol täze tehnologiýalaryň, önümçiligiň ösmegi netijesinde saýawan öndürýän kärhanalar tarapyndan öndürilip, halk köpçüligine giňden ýaýrap başlapdyr.

Gadymy Änewiň binagärlik täsinligi

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz taryhy, arheologik we binagärlik ýadygärliklere, tebigat täsinliklerine baýdyr. Güneşli ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikler bilen bir hatarda, türkmen halkynyň baý taryhy düýpli öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby şöhratly taryhymyz hakynda gymmatly çeşmeleri beýan edýär. Ajaýyp kitapdan ruhlanýan alymlar gadymy topragymyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenýärler.

Küş­t oýnunyň ta­ry­hy

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Ýa­şa­ýyş üçin açyk ho­wa­nyň, iý­mi­tiň, su­wuň ge­rek bol­şy ýa­ly, is­len­dik döw­let­de, is­len­dik ugur bo­ýun­ça ösüş ga­zan­mak üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ge­rek. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­da­gyn­da bol­şy ýa­ly, sport ul­ga­myn­da be­lent sep­git­le­re, uly ösüş­le­re ýe­til­ýär. Ýur­du­my­zyň sport­da­ky at-ab­ra­ýy­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rül­ýär. Küşt hem sport gör­nüş­le­ri­niň naý­ba­şy­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Demir donly Atilla

2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ugra aýratyn ornuň degişlidigi, hususan-da, iki halkyň taryhy şahsyýetleriniň döredijiligini öwrenmegiň hem-de olaryň şöhratly ömür ýoluny wagyz etmegiň aýratyn ähmiýete eýe boljakdygy, munuň iki dostlukly halkyň özara gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde egsilmez güýje öwrüljekdigi barada bellenilip geçildi. Şeýlelikde, türkmen-wenger medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşandygy nygtalmaga mynasypdyr. Şu ýylyň 6 — 12-nji awgustynda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, türkmen döredijilik toparynyň dostlukly ýurduň «Hungarian-Turan» gaznasy tarapyndan geçirilýän «Kurultaý» atly halkara medeni çärä gatnaşmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda wenger edebiýatynyň görnükli wekili Şandor Petefiniň heýkeliniň oturdylmagy hem munuň guwandyryjy mysallarydyr. Biz şu makalamyzda şanly geçmişde wenger topragynda döwlet gurup, adalatly hökümdar hem gaýduwsyz serkerde hökmünde dünýä taryhynda öçmejek yz goýan Atilla barada söhbet etmegi makul bildik. Soňky ýyllarda Atillanyň gahrymançylykly taryhy, gazanan ýeňişleri hem-de onuň bil

Saýawanyň taryhyndan

Ýene birnäçe günden gapymyzy kakjak ajaýyp gyş paslyny ýagyş-ýagmyrsyz, garsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýagyşdyr gardan goranmak üçin hem, elbetde, saýawan ulanýarys. Taryhy maglumatlara görä, saýawan ilkinji gezek miladydan öňki ikinji müňýyllykda Mesopotamiýada, ondan soň Müsürde, Gresiýada, Hytaýda guş ýeleklerinden ýasalyp, ulanylmaga başlanypdyr. Çünki bu saýawanlar ilkibaşda ýagyş-ýagmyrdan däl-de, eýsem, günden goranmak maksady bilen ýasalypdyr. Iňlis dilinde ulanylýan “umbrella” (saýawan) sözi hem latyn dilindäki “umbra” sözünden gelip çykyp, “kölege” diýmegi aňladýar. Ispanlar saýawany “parasol” diýip atlandyrýarlar. Bu ispan dilinde “günden goranmak” diýmekdir. Ýagyş-ýagmyrdan goranmak üçin niýetlenen saýawanlar ilkinji gezek Hytaýda öndürilipdir. Bu saýawanlar kagyzdan ýasalyp, ýagyş suwuny geçirmezlik üçin mumlanypdyr.

Mirasym — göwün şadym

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň maddy we medeni mirasyny gorap saklamakda, rejelemekde, olary umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda bitewi ulgam hökmünde aýawly saklamakda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» bu ugurda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we gorap saklamak bilen bir hatarda, olara hem-de ýurdumyzyň çäginde bar bolan gözel künjeklere syýahatçylary çekmek boýunça netijeli çäreler göz öňünde tutulýar. Syýahatçylaryň dünýä, milli we ýerli medeni gymmatlyklar, özboluşly däp-dessurlar, etnografik aýratynlyklar, binagärlik desgalary we medeni dessurlar bilen tanyşmaga bolan gyzyklanmalary milli syýahatçylygyň ösüşini şertlendirýär. Ýurdumyzda häzirki wagtda bäş sany syýahatçylyk çägi hereket edýär. Her syýahatçylyk sebiti özünüň taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri bilen tapawutlanýar. Taryhy ýadygärliklere diňe bir maddy ýadygärlikler däl, eýsem, ruhy gymmatlyklar, türkmen durmuşy bilen bagly gadymy gymmatlyklar hem degişli bolup, olar syýahatçylaryň halkymyzyň taryhyna bolan gyzyklanmas

Gadymyýetden galan yzlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny öwrenmäge, ýazuw çeşmelerini we arheologik maglumatlary seljermäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher pähiminden dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltden ybarat ensiklopedik kitaby şöhratly taryhymyza sarpa goýýanlaryň ýankitabyna öwrüldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Köýtendag sebitinde orta asyrlarda joşgunly durmuş dowam edipdir. Muny sebitde henize çenli saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň yzlary-da tassyklaýar. Köýtendag sebitiniň taryhy-medeni ýadygärlikleri arheologlar tarapyndan yzygiderli öwrenilip gelindi. Taryh ylymlarynyň kandidaty A.Baltaýew ylmyň häzirki ösüş tapgyrynda Amyderýanyň Kerki — Kerkiçi geçelgesi bilen Köýtendagyň arasyndaky taryhy-medeni ýadygärlikleri geografik ýerleşişi boýunça üç sebite bölüp öwrenmek hem-de olary «Kerkiçi — Köýtendag etrap merkeziniň arasyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler», «Köýtendag etrap merkezi — Garlyk — Gurşun magdan käni şäherçesi aralygyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler» hem-de «Köýtendag etrap merkezi — Kelif şäherçesi aralygyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler» diýip, şertli atlandyrmagyň maksada laýykdygyny belleýär.