"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar

Maşgala jemgyýetiň bir bölegi bolmak bilen, onda bagtyýarlygyň, nurana durmuşyň höküm sürmegi enäniň yhlasyna bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, türkmen halkymyzda ene mukaddesligine aýratyn sarpa goýulýar. Muňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly maslahat hem nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Bu çäre ýurdumyzda enelere uly hormat goýulýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Maslahata döredijilik işgärleri, sungat ussatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de diplomatlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar. Maslahat «Ene — Zemin mukaddesligi» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Munuň özi milli sungatymyzda enelere sarpa goýmak meselesine uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Artistleriň çykyşlary hem muny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Çagalaryň şadyýan bäsleşigi geçirildi

Nowruz ýaýlasyndaky  «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly çagalaryň  döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna  onuň welaýat we Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalaryň 21-si gatnaşdy. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar balalary bu günki bäsleşikde aýdym aýdyp, tans etdiler. Olar bäsleşigiň şerti boýunça bagtyýar çagalygy, mähriban dostlugy, eziz Watanymyzy, eneleri tüýs ýürekden wasp etdiler. Olar öz çykyşlarynda ähli ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Beýik maksatlara gönükdirildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan içeri hem daşary syýasaty halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Parahat ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen ýola goýlan halk bähbitli beýik işler hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Olar milli demokratiýany berkitmek, halk häkimiýetini has-da pugtalandyrmak ýaly möhüm maksatlara gönükdirilendir. Munuň özi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Çünki il-halkyň bilen maslahatlaşyp iş etmek ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgedir, nusgalyk mekdepdir. Ýurdumyzda her ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýy toýlanjak günleriň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlary tarapyndan saýlanan wekiller we talyp ýaşlar gatnaşýar.

Zemin mukaddesligi

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde dostlukly döwletiň Prezidenti Milli Liderimize pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi. Bu kitabyň pars dilinde neşir edilmegi halkymyzda, aýratyn hem, ýaşlarymyzda çäksiz buýsanç döretdi. Şu mynasybetli 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly maslahat geçirilip, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Dabaraly maslahata ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik, bilim işgärleri, talyp ýaşlar, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Ene — Zemin mukaddesligi» atly edebi-sazly kompozisiýa görkezildi.

Amaly-tejribe okuwy guraldy

Düýn — 6-njy sentýabrda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde paýtagtymyzdaky Çagalar awtoşäherçesinde amaly-tejribe okuw sapagy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Aşgabat garnizonynyň Harby awtomobil gözegçiliginiň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş awtoulaglary kärhanasynyň hünärmenleri gatnaşdy. Amaly-tejribe okuw sapagynda Aşgabat şäherindäki 59-njy orta mekdebiň okuwçylaryna köçelerde we ýollarda howpsuz hereket etmegiň kadalary öwredildi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy

Şu günler ýurdumyzda dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan duşuşyga welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň, welaýat kazyýetiniň we gümrükhanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlar, esasan, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almaga bagyşlandy. Munuň özi jemgyýetçilik edebiniň ilkinji şertleriniň biridir. Köçe-ýol hereketiniň kadalaryny talabalaýyk berjaý etmek bilen herekete ähli gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek her birimiziň jana-jan borjumyzdyr diýlip, edilen çykyşlarda aýdyldy.

Röwşen geljegimiziň binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we onuň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen, golaýda Boldumsaz etrabynyň medeniýet merkezinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — röwşen geljegimiziň binýady» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda Mejlisiň deputaty Magsat Otuzow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Öwez Paltabaýew, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Sapargül Rejepowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Çary Kakabaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Tekebaý Duşemow, etrapdaky 62-nji orta mekdebiň mugallymy Arazbaý Omarow, etrap medeniýet bölüminiň işgäri Orunbaý Çalkarow dagy çykyş etdiler.

Türkmen-özbek söwda hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Ýakynda welaýat gümrükhanasynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça hünärmenleriň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda harytlaryň daşary söwdasynda gümrük statistiki maglumatlaryň emele gelşiniň usulyýeti maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşykda geçen ýylyň jemi boýunça «Türkmenistanyň importy — Özbegistanyň eksporty» we «Özbegistanyň importy — Türkmenistanyň eksporty» atly ugurlar boýunça daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlary deňeşdirildi.

Halk Maslahatyna taýýarlykly barylýar

Şu günler Ak bugdaý etrabynyň edara-kärhanalarynyň işçi-hünärmenleriniň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine, ýakyn günlerde geçiriljek umumymilli forumyna taýýarlykly barmakda öňde duran wezipelere bagyşlanan düşündiriş işleri geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklarda täsirli çykyşlara giň orun berilýär. Garaşsyz Watanymyzyň bu günki ösüşleri, döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bilen bagly gürrüňe hem uly ähmiýet berilýär. Çykyşlarda ýurdumyzy ösüşleriň belent derejelerine çykarmakda, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň aýratyn ornunyň boljakdygy, şoňa görä-de, oňa ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň möhümdigi dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär.

Ýaşlar — biziň geljegimiz

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi  Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap geňeşi bilen bilelikde maslahat geçirdi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň durmuşda mynasyp orunlary tapmagyna, ylym-bilimli, giň gözýetimli, agzybirlige, dost-doganlyga hormat goýýan, ahlak taýdan arassa, päk ýürekli, kämil adamlar bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, sagdyn bolup ýetişmegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Gezelenç täsirli boldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Ýaşlar gezelençde merdana halkymyzyň milli medeniýetiniň we sungatynyň taryhy, gelip çykyşy, gadymy tapyndylar we eksponatlar bilen içgin tanyşdylar. Milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi öwrenmekde, gorap saklamakda, olary ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat etmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş aýtdylar.  

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Pyragynyň arzuw eýlän eýýamy TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Pyragynyň arzuw eýlän eýýamy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Halkymyzyň abadan ýaşaýşy üpjün edilýär

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri Mil­li go­şu­ny­my­zyň bö­lüm­le­rin­de al­nyp bar­lan iş­ler, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ol ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­lu­gy we ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da gö­rül­ýän çä­re­ler, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw mek­dep­le­rin­de gi­riş sy­nag­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi, şan­ly se­ne – Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi ba­ra­da aýt­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan we üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Har­by dokt­ri­na­nyň Türk­me­nis­tan­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de asu­da dur­mu­şyň yg­ty­bar­ly ke­pi­li hök­mün­de çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döwlet Baştutanymyz mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­le­riň işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni, go­şun­la­ryň äh­li ky­sym­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­n

Monzada «Ferrari» öňe saýlandy

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 16-njy ýa­ry­şy Ita­li­ýa­nyň Mon­za şä­he­ri­niň ady­bir tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 53 aý­law­dan yba­rat bo­lan ýa­ryş­da ýer eýe­si «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly sü­rü­ji­si Şarl Lek­ler ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 4-nji ha­tar­dan baş­lan ýa­ry­şy 1 sa­gat 14 mi­nut 40,724 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 2-nji, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 7-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. «Fer­ra­ri» to­pa­ry Mon­za­da soň­ky ge­zek 2019-njy ýyl­da ýe­ne-de Lek­ler bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ýa­ryş­da 2-3-nji orun­la­ry «MсLa­ren» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri eýe­läp, awst­ra­li­ýa­ly Os­kar Piast­ri ýe­ňi­ji­den 2,664 se­kunt, ýa­ryş­da il­kin­ji bo­lup bat alan bri­ta­ni­ýa­ly Lan­do Nor­ris çem­pi­on­dan 6,153 se­kunt yza gal­dy. Lek­le­riň is­pa­ni­ýa­ly to­par­da­şy Kar­los Saýns Ju­nio­ryň 4-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan pi­lo­ty Lýu­wis Ha­mil­ton 5-nji, sü­rü­ji­le­riň sa­na­wy­nyň li­de­ri, «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land pi­lo­ty Maks Wers­tap­pen 6-njy ýe­ri eýe­le­di. Wers­tap­pe­ne 6 ýa­ryş­dan bä­ri ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şar­da­nok.

Bulary bilýäňizmi?

Ýu­murt­ga­nyň ga­by­gyn­da 10 müň­den gow­rak gö­ze­nek bar. So­wa­dy­jy­da bir hep­de du­ran ýu­murt­ga otag tem­pe­ra­tu­ra­syn­da bir gün du­ran ýu­murt­ga­dan has go­wy sak­lan­ýar.

Il­kin­ji ge­zek mek­de­be bar­ýan ça­ga­la­ryň ata-ene­le­ri­ne mas­la­hat­lar

Is­len­dik ata-ene per­zen­di­niň so­wat­ly bol­ma­gy­ny, go­wy bi­lim al­ma­gy­ny hem-de ter­bi­ýe­li, il-gü­ne ge­rek­li yn­san bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni is­le­ýär. Ça­ga­nyň gel­jek­de kä­mil yn­san bo­lup ýe­tiş­me­gin­de ter­bi­ýe­çi­le­re, mek­dep mu­gal­lym­la­ry­na hem-de ata-ene­le­re uly jo­gap­kär­çi­lik düş­ýär. Esa­san hem, ýa­ňy mek­de­biň bo­sa­ga­syn­dan ät­län ça­ga­jyk­la­ryň hos­sar­la­ry has üns­li bol­ma­ly. Oka­ma­gy we ýaz­ma­gy ýa­ňy öw­re­nip baş­lan ça­ga­jy­ga mek­de­be öw­re­niş­mek, sa­pak­la­ra gi­riş­mek kyn dü­şüp bi­ler. Şol se­bäp­li ata-ene­ler mu­gal­lym­lar bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­da bol­mak bi­len, ça­ga­nyň öý iş­le­ri­ne, san­la­ry we harp­la­ry ýat tut­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik et­me­li. Baş­lan­gyç bi­li­mi ta­la­ba­la­ýyk ele al­mak ça­ga­nyň gel­je­gi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hü­när­men­ler il­kin­ji ge­zek mek­de­be bar­ýan ça­ga­la­ryň ata-ene­le­ri­ne şu usul­la­ry ulan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Oku­wyň ze­rur­dy­gy­ny dü­şün­dir­meli. Ça­ga­la­ryň kö­pü­si il­ki­baş­da mek­de­be nä­me üçin gat­na­ýan­dy­gy­na dü­şün­me­ýär. Şol se­bäp­li ata-ene­ler ça­ga­la­ra il­ki bi­len mek­dep­de be­ril­ýän bi­li­miň, oka­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny dü­şün­dir­me­li. My­sal­lar ge­tir­mek ar­ka­ly, nä­me üçin ma­te­ma­ti­ka­ny öw­ren­ýän­di­gi­ni, nä­me üçin ta­ry­hy bil­me­li­di­gi­ni, nä­me üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň öw­re­dil­ýän­di­g

Güýz pas­ly­ny gar­şy al­ma­gyň fes­ti­wa­ly

Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bilen dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­dun­da şat­lyk­ly we öz­bo­luş­ly fes­ti­wal­lar bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu fes­ti­wal­lar­ ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri meş­hur bo­lup, hal­kyň mil­li­li­gi, oba ho­ja­lyk möw­sü­mi we di­ni däp-des­sur­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şeý­le fes­ti­wal­la­ryň bi­ri hem «La Merce» fes­ti­wa­ly­dyr. Meş­hur aý­dym-saz şü­we­leň­le­ri bi­len ta­nal­ýan Bar­se­lo­na şä­he­rin­de güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ga­dy­my baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri bo­lan «La Merce» fes­ti­wa­ly uly şow­hu­na bes­len­ýär. 1902-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän «La Merce» fes­ti­wa­ly ka­ta­lon­la­ryň mil­li baý­ra­my­dyr. «To­mus bi­len hoş­laş­ma­gyň we güý­zi gar­şy al­ma­gyň» ala­ma­ty hök­mün­de 5 gün bel­le­nil­ýän bu fes­ti­wal şu ýyl 20-24-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­ler. Fes­ti­wa­lyň do­wa­myn­da gi­je­ki ýö­riş­ler, kö­çe­ler­de mil­li tans­lar we ag­şa­my­na kor­re­fok­ly (uç­ga­nak­la­ýan ki­çi fe­ýer­werk) şü­we­leň­ler gu­ral­ýar. «La Merce» fes­ti­wa­ly­nyň iň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri hem Bar­se­lo­na­nyň «Pla­ça de Sant Jau­me» mer­ke­zi meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­ýär. Meý­dan­ça bir­nä­çe adam top­la­nyp, adam di­ňi­ni (kas­tel­ler) ýa­sa­ýar­lar we çür de­pe­si­ne ki­çi­jik ça­ga­jy­gy çy­kar­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, ça­ga­la­ryň iň söý­gü­li to­ma­şa­sy «äpet adam­la­ryň ýö­ri­şi» ge­çi­ril­ýä

Tyllaýy güýzüň bakja önümi

Güýz pas­lyn­da ýe­tiş­ýän bak­ja ekin­le­ri­niň bi­ri hem kä­di­dir. Kä­di­niň dü­zü­min­de ada­ma ge­rek­ bo­lan or­ga­nik tur­şu­lyk­lar, pek­tin fer­men­ti we bir­nä­çe peý­da­ly mad­da­lar bar. Olar aş­ga­zan-içe­ge ul­ga­my­nyň işi­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Şeý­le hem kä­bir ke­se­liň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Luk­man­çy­lyk­da kä­di mel­hem hök­mün­de hem ula­nyl­ýar. Kä­di so­wuk­la­ma­ny be­je­ri­ji se­riş­de bo­lup, ber­hiz tu­tu­lan­da, böw­rek we ýü­rek nä­saz­lyk­la­ryn­da iýil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýär. Kä­di­niň gaý­na­dy­lan su­wu­ny bal bi­len ga­ryp iç­mek peý­da­ly­dyr. Ol ada­my ra­hat­lan­dyr­ýar. Kä­di­niň dog­duk me­ka­ny De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka ha­sap­lan­ýar. Ol öý­de ekil­ýän iň ga­dy­my ekinleriň bi­ri­dir. Da­şa­ry ýurt­lar­da kä­di­niň köp­räk «Cucur­bi­ta maxima» gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ulu­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu kä­di­ni uzak wagtlap sak­lap bol­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, her ýyl­ dün­ýä­de 22 mil­li­on ton­na­dan gow­rak kä­di ha­sy­ly alyn­ýar. Bu ugur­da Hy­taý bi­len Hin­dis­tan öň­de­li­gi eýe­le­ýär.

Amsterdam – welosipedleriň şäheri

Ams­ter­dam dün­ýä­niň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri­niň bi­ri­dir. Meş­hur mu­zeý­le­ri, owa­dan ka­nal­dyr kö­çe­le­ri, şeý­le hem ka­şaň res­to­ran­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýän Ams­ter­dam Ýew­ro­pa­nyň mer­ke­zi şä­her­le­ri­niň bi­ri­dir. «Çi­gil­dem şä­he­ri» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan Ams­ter­dam köp ilat­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şä­her­de dür­li mil­let­le­riň we­kil­le­ri­ne ga­bat gel­mek bol­ýar. Bu aý­ra­tyn­lyk sy­ýa­hat­çy­la­ryň şä­he­re çalt öw­re­niş­mek­le­ri­ne kö­mek ed­ýär. Ams­ter­dam­da ila­tyň 86 gö­te­ri­mi azyn­dan iki di­li su­wa­ra bil­ýär. Şä­her­de iň­lis di­li­ni bil­me­ýän­ler seý­rek duş gel­ýär. Şeý­le­lik­de, Ams­ter­dam­da dil ba­bat­da kyn­çy­lyk çek­mez­den sy­ýa­hat edip bol­ýar.

Saý­law­la­ra taý­ýar­lyk gö­rül­ýär

Öz­be­gis­tanda 27-nji okt­ýabr­da ge­çi­ril­jek par­la­ment saý­law­la­ry­na taý­ýar­lyk görülýär. Res­pub­li­ka­nyň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ýurt­la­ryň 39-syn­da 56 saý­law uças­to­gy­ny aç­mak ba­ra­da ka­rar ka­bul et­di. Saý­law uças­tok­la­ry Rus­si­ýa­da, Ga­za­gys­tan­da, Gyr­gy­zys­tan­da, Türk­me­nis­tan­da, Hy­taý­da, BAE-de, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da, Tür­ki­ýe­de, Ger­ma­ni­ýa­da, ABŞ-da, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da we ýe­ne-de 29 ýurt­da açy­lar. Öň­de du­ran saý­law­lar il­kin­ji ge­zek ma­žo­ri­tar (ga­ry­şyk) ul­gam­da ge­çi­ri­ler. Onuň bar­şyn­da ka­nun çy­ka­ry­jy pa­la­ta­nyň 250 we­ki­li saý­la­nar. Ola­ryň 75-si bir man­dat­ly saý­law ok­rug­la­ryn­da, ýe­ne-de 75-si bol­sa, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ra ber­len ses­le­re esas­la­nyp, bir saý­law ok­ru­gyn­da saý­la­nar­lar.