Haýyr-sahawatyň nusgasy

17 sagat öň
16

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda ýaşlaryň Watana wepaly, innowasiýa tehnologiýalardan baş çykarýan, beýik ösüşlerimize mynasyp goşant goşmaga ukyply şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan diňe bir Türkmenistanda däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy körpe nesil baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine çykarylandygynyň aýdyň mysalydyr. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleri hil taýdan täze derejä çykardy hem-de gerimini giňeltdi. Maksatnamada bellenilen çäreleriň çäklerinde, şol sanda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň ösüşini üpjün etmek, olara inklýuziw bilim we terbiýe bermegiň has netijeli çemeleşmelerini peýdalanmak göz öňünde tutulandyr.

Inklýuziw bilim umumy bilimiň ösüş derejesini alamatlandyrýar hem-de mümkinçiligi çäkli çagalar üçin bilimiň elýeterliliginiň üpjün edilmegini aňladýar. Şunda mümkinçiligi çäkli çagalaryň okaýan bilim edaralarynyň işgärleriniň ýörite başarnygy, bilelikdäki hünär gatnaşyklaryny netijeli peýdalanmaga ukyply bolmagy hökmanydyr. Mundan başga-da, mugallym hünäri boýunça bilimleri, ukyp-başarnyklary, öňdengörüjilik endiklerini özleşdirmäge çalyşmalydyr, mugallymçylygyň we psihologiýanyň esaslaryny peýdalanmagy başarmalydyr. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň Innowasiýa maglumatlar merkezinde «Logopediýa» boýunça okuwlaryň guralmagy saglyk ýagdaýy çäkli çagalar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ýerde şu topara degişli çagalar, uly ýaşly hem-de mümkinçiligi çäkli adamlar üçin tölegsiz esasda kompýuter sowatlylygy boýunça okuwlar geçirilýär. Okuw merkezinde ýokary hünär derejeli bilim işgärleri tarapyndan geçirilýän okuwlar mümkinçiligi çäkli raýatlarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna, döwlet işlerine mynasyp gatnaşmaga ukyply şahsyýetler bolup ýetişmeklerine uly ýardam berýär.

Enejan SARYÝEWA,
Milli bilim institutynyň Innowasiýalar merkeziniň mugallymy.