Halk kalbynyň aýnasy

10 Dekabr 2024
149

Medeniýet — halkyň köpasyrlyk geçmişiniň beýany. Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Islendik halkyň Ýer ýüzündäki orny, at-abraýy onuň medeniýeti bilen ölçelýär. Medeniýetiň üsti bilen halkyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty, edermenligi, batyrlygy, ýürek owazy, göwün maksady ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeniýet ulgamy, ol babatda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Medeniýeti ösdürmäge döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär.

Halkymyzyň taryhy gözbaşyndan gaýdyp, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne çenli gelip ýeten ruhy gymmatlyklaryň ählisi «Türkmen medeniýeti» diýen jümlede jemlenýän ýaly. Ol gymmatlyklarda halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, taryhy, gadymy miraslary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby-da artýar. Onuň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.