Dünýä türkmenleri gutlaýarlar

1 gün öň
18

Ulynyň-kiçiniň sabyrsyzlyk bilen garaşan Täze ýyl baýramçylygynyň bosagamyza gelmegi bilen dünýäniň çar künjeginde mesgen tutan türkmen doganlarymyzdan sanly ulgam arkaly gelýän gutlaglaryň, telefon jaňlarynyň sany artýar. Olar öz gutlaglarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ata Watanymyzyň ähli halkyny Täze ýyl bilen mähirli gutlap, ýurdumyza parahatlyk, asudalyk, gülläp ösüş, halkymyza bolsa saglyk, agzybirlik, bagtly durmuş arzuw edýärler.

Şeýle hem dünýä türkmenlerinden gelýän gutlaglaryň her jümlesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzyň bedew batly köpugurly ösüşlerine, ýeten belent sepgitlerine buýsanç duýgusy dolup-daşýar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bütin dünýäde giňden bellenýän dabaralaryň hemişelik Bitarap Türkmenistany we türkmen halkyny giň halkara jemgyýetçiligine has ýakyndan tanadandygyny, dünýä halklarynyň döwletimize we milletimize bolan hormatyny artdyrandygyny guwanmak bilen belleýärler.

«Türkmen dünýäsi».