Saglyk — jemgyýetiň berklik sütüni

8 Oktýabr 2024
347

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen adamyň saglygyny gorap saklamak babatda-da giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň takyk ugruny kesgitlemek bilen: «Milletiň saglygy özünde jemgyýet we döwlet üçin esasy serişdäni hem-de hakyky gymmatlygy jemleýär» diýip, paýhasly belläp geçýär. Ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda uly ösüşler gazanylýar we dünýä derejesinde uly sepgitlere ýetilýär.

Dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, saglygyň gadyryny bilmek, ynsan saglygyny goramak halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Saglyk her bir ynsanyň iň uly baýlygydyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga wagtda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, halkymyza ulanmaga berildi. Şu ýyl Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürmek ýola goýuldy.

Jemal GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.