"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Eziz Watan — Bitarap

Geldi Pyragynyň arzuw eýläni,Asuda säheri, rahat öýläni,Şahyr dilleriniň söýüp-söýläni,Gözleriň röwşeni Watan — Bitarap. Pyşyrdysy heňňamlaryň aýdymy,Tugum, seň ýüzüňde halyň öýdümi,Zemin öz görküni saňa çaýdymy?Döwri-döwran, eziz Watan — Bitarap.

Pyragy barada rubagylar

Baky ýandy bagtymyzyň çyragy,Garaşsyz döwletiň bu ajap çagy,Bu gün türkmen seniň toýuň toýlaýar,Tirsegňe gal, Magtymguly Pyragy! * * *

Diýar

Ýer ýüzünde dost-doganly, heňňamlaryň şöhraty sen, Jahan içre at-abraýly, pederleriň yhlasy sen,Ak ýollaryň bedew batly, zamananyň ýalkymy sen,Meger, Arşyň nury birle mähire eýlenen, Diýar,Garaşsyz, Bitarap bolup dünýäde saýlanan, Diýar! Oguz handan gaýdyp asly, oguzlaryň ýurdy bolan,Asyrlaryň dowamynda ençe beýik döwlet guran,Zemin içre seniň adyň mydam äşgär, belli bolan,Diwanlarda dür söz bilen ýürekden söýlenen, Diýar,Garaşsyz, Bitarap bolup dünýäde saýlanan, Diýar!

Eje, Bu ýene-de men...

Eje, bu ýene-de men. Seniň şol ýürege düşgünç ogluň. Şu güne çenli ýüregiňe düşübildim. Gijeler çyrlanymda, saňa iş bolanym ýeterlik dälmi eýse?! Nämäni gadagan etseň et, emma günde ýekeje ýola ötünç soramagy gadagan etme. Senden ötünç sorasam, ýüregim biraz köşeşýär. Ýene-de bir zada rugsat et, men öňkülerim ýaly saňa näzirgäýin, bişiren naharyňy iýesim gelse-de, iýmediksirän bolaýyn. Başga bir ýok naharyň adyny tutup: «Diňe şony iýesim gelýär» diýeýin. Käýinjiňi eşideýin, eje! Ýör, körpeligimdäki ýaly seýilgähe äkit, dünýäde ýekejäm! Öňler seniň aýlan ýerleriňe zyýarat ederdim. Bu çal saç, deramatsyz gurbat indi ol jelegaýlara giderden has ejiz. Indi diňe öwüt beren otaglaryň, elleriň bilen naharlan aşhanaň maňa seni ýatlamaga söýget berýär. Ýadyňa düşýärmi, bir gün bezzatlygym üçin käýäniňde öýkelänem bolupdym. Şonda öňüme iň eý görýän ýagly gutabymy getireniňde bolsa, kinämiň gataňsy damary ýazylypdy.

Lybasly Sütün

* Halkymyzyň asyrlarboýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri-de milli lybaslardyr. Zenanlarymyzyň keteni köýnegi, begresdir çabytlary, kürteleridir düýpli gyňaçlary, erkek kişileriň gyrmyzy donlarydyr telpekleri, akgaýma tahýalary ýerligi, biçilişi, tikilişi, bejerilişi, bezelişi bilen özge halklardan düýpli tapawutlanyp, milliligiň naýbaşy nusgalaryny emele getirýärler. * Hindi zenanlarynyň meşhur lybaslarynyň adynyň «sari» diýlip atlandyrylýandygyny, megerem, bilmeýän ýok bolsa gerek. Bu lybas haýsydyr bir ölçegde ýa-da galypda tikilmeýär. Ol 4-8 metr aralygyndaky matanyň bedene saralmagy bilen emele gelýär. Sariniň egne we kellä atylýan bölegi «uttariýa», bedeniň aşaky bölegine saralýan bölegi «antriýa», üstki bölegi bolsa «stanapatta» diýlip atlandyrylýar. Hindi zenanlary tarapyndan gündelik durmuşda hem giňden ulanylýan sarileriň toý-baýram üçin niýetlenen görnüşleri reňkleri, matasynyň we bezeginiň nepisligi bilen görenleri haýran galdyrýar.

«...Hasta bolmasdan burun»

* Gyş paslynda howanyň sowamagy, ýagynly, garly bolmagy sebäpli paslyň aýratynlygyna görä geýinmeli. * Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Arassa howada gezelenç etmeli.

Hormatly okyjylar!

Abuna — 2025 Size 2025-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hemişelik Bitaraplyk— parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Bitarap Türkmenistan» atly we beýleki kitaplarynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy gözbaşlarydyr aýratynlyklary barada beýan edilýär. Ol eserler parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýamyzyň many-mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Hemişelik Bitaraplygyň taryhy kökleri we milli aýratynlygy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde şeýle beýan edilýär: «Biziň döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologiýasy, milli aň-düşünjesi öz beýanyny tapdy. Açyklyk we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we beýleki milletlere hormat goýmak diňe bir goňşy halklaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmakda däl-de, eýsem, olaryň ylymda we sungat äleminde gazanýan üstünliklerine guwanýandygynda hem ýüze çykýar. Bu häsiýetler bolsa, biziň milli aýratynlygymyza hemişe mahsusdyr». Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy tutuş sebit, galyberse-de, bütin dünýä üçin uly ähmiýetli çözgütdir. 1992-nji ýylyň iýulynda Helsinkide geçirilen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň (häzirki ÝHHG) sammiti onuň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň başlangyç nokadyna öwrüldi. Çünki onda Türkmenistan ilkinji gezek

Barha rowaçlanýan ulgam

Ulag ulgamy döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi bolup, ol ýurduň köpugurly ösüşine öz täsirini ýetirip bilýändigi bilen ähmiýetlidir. Şonuň üçin, bu ulgam döwletimiziň üns merkezinde aýratyn orunda durýar. Türkmenistan geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär, munuň özi bolsa onuň ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýe bolmagyny şertlendirýär. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Guwanjym, buýsanjym Watan

Hemişelik Bitarap döwletimiziň hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň oňynlyklara tarap barha ilerlemegi daşary syýasatymyzda halkara hyzmatdaşlyklaryň pugtalanýandygynyň görkezijisidir. Häzirki wagtda Türkmenistan Ýer ýüzünde ösüşiň özboluşly, milli nusgasyny saýlan döwlet hökmünde tanalýar. Eziz Diýarymyzyň dünýä dolýan şan-şöhraty, özgerişleri diňe bir bagtyýar raýatlarymyzy däl, eýsem, dünýä türkmenlerini hem guwandyryp, başlaryny gök diredýär. Dünýäniň çar künjünde ýaşaýan arkadaşlarymyz ata Watana bolan söýgüsini, buýsanjyny ýürek sözlerinde beýan edip, gazetimiziň elektron poçtasyna ýollaýarlar. Biz hem gazetiň şu sanynda olardan birini okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

Ýaşlar syýasatynyň möhüm ugry

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy bilen, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegine uly ýardam berilýär. Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary, beden, ruhy taýdan sagdyn ösmekleri, durmuşa dogry düşünmekleri we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen, olaryň arasynda ýygy-ýygydan dürli duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Olar döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň many-mazmunyna doly laýyk getirilýär. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi we herekete girizildi. Bu Kanun ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny kesgitleýän, ýaşlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň üpjün edilmeginde we olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylandygynyň görkezijisine öwrüldi. Kanunyň «Ýaşlara halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatda ýardam etmek» atly maddasynda tejribeleri alyşmak, halkara şertnamalaryny bellenilen tertipde baglaşmak hem-de olary durmuşa geçirmek, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çygrynda maglumatlary, hyzmatdaşlary seçip almak, resminamalary işläp taýýarlamak, halkara ýaşlar alyş-çalyşlarynyň guramaçylaryna, gatnaşyjylaryna kömek bermek we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýän beýleki çäreleriň guralmagyna gatnaşmak hakynda giň düşünjeler berilýär. Bu madd

Magtymguly we dünýäniň saz medeniýeti

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Öz goşgularynda halkynyň beýikligini we sabyr-kanagatlylygyny, buýsanjyny we köňül sahawatyny, erkinlige bolan söýgüsini hem-de tutanýerliligini wasp edip, onuň kalbyny şygryýetde bütin dünýäniň öňünde açan hem Magtymguludyr. Şahyr öz Watanyny şeýlebir wasp etdi, onuň goşgularynyň üsti bilen Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan okyjylar Magtymguly üçin gymmatly bolan zatlary öz tapan baýlyklary hökmünde kabul etdiler, biziň ülkämizi söýdüler, türkmen halkyny has-da ýakyndan tanamak islediler» diýip belleýär. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelen dürdäne goşgulary dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Akyldar şahyryň ýürek aýdymy bolup ýaňlanan goşgularynyň ençemesi dünýäniň belli kompozitorlarynyň özboluşly eseri bolmak bilen, ajaýyp aýdymlar hökmünde asyrlaryň dowamynda alyslarda-da belentden ýaňlandy. Dana şahyryň goşgularyna döredilen şol köpöwüşginli saz eserleriniň hem özboluşly taryhy bar.

«Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy»

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip, külli türkmeniň ruhy hemaýatkärine we onuň umman ýaly döredijiligine ýokary baha berýär. Täze taryhy döwürde türkmen danasynyň sarpasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary derejede saklanylýar. Şahyryň edebi mirasynyň many çuňluklaryny, logiki hem-de pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmekde, olary il-ulsa, bütin adamzada wagyz etmekde bimöçber işler amala aşyrylýar. Magtymguly atamyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan özboluşly, baý döredijiligi bar. Şol döredijiligiň dürli-dürlüligi bolsa, akyldaryň islendik ugurdan habarly bolandygyny görkezýär. Olaryň arasynda ynsanyň beden we ruhy saglygy, jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly birnäçe öwüt-ündewe, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň.

Sungata siňen ömür

Ýaşan ömründe indiki nesillere-de nusga boljak işleri bitiren ussatlaryň döredijiligini öwrenmek ýaşlar üçin uly mekdep bolup durýar. Türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran şeýle ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýewdir. Aýhan Hajyýew Magtymguly Pyragynyň kanoniki keşbini dörediji hökmünde tanalýar. Beýik şahyryň keşbini döretmek üçin irginsiz zähmet çekmek bilen, suratkeşiň alyp baran giň gerimli gözleg we döredijilik işleriniň netijesinde, 1947-nji ýylda Magtymgulynyň portreti döredilýär. Bu eser bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan-da bolsa, Aýhan Hajyýew üçin onuň iň ähmiýetli tarapy garyndaşlary tarapyndan şahyryň keşbiniň gowy kabul edilmegi bolýar. Ol söz ussadynyň hakyky keşbine golaý kanoniki nusga hökmünde ykrar edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň, şu ýylyň aprel aýynda Aýhan Hajyýewiň hem 100 ýaş toýunyň bellenilmegi aýratyn bellärliklidir.

Jeýhunyň ýakasyndaky ýadygärlikler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitaby, Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki täze ugurlaryny aýan etmek bilen birlikde, bu ýoluň ugrunda ýerleşen şäherlerdir galalaryň, kümmetlerdir düşelgeleriň, kerwensaraýlaryň täze bir toplumyny bize tanyşdyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şol taryhy ýadygärlikler geçmişde ýaşan pederlerimiziň binagärlik sungatyna aýratyn ähmiýet berendiklerine güwä geçýär. Beýik Ýüpek ýoly Jeýhun derýasynyň çep we sag kenarlarynyň ugry boýunça geçipdir. Ol ýoldan agyr kerwenli täjirler, syýahatçylar, derwüşler gatnapdyrlar. Taryhy ýoluň ugrunda küňreli galalar, şäherlerdir obalar, kerwensaraýlar döräpdir. Häzirki wagtda olar baradaky taryhy maglumatlar ylmy taýdan öwrenilýär.

Daglar

Oglanlykda gezdim ýördüm,Hergiz göwnüm açdy daglar.Taryh hakda sowal berdim:«Sizden kimler geçdi, daglar?» Depäňize çykyp gördüm,Başyňyz ak garly daglar.Gyýak, sonaryňdan ordum,Ir-iýmişli, barly daglar.

Halypa sarpasy

Mollanepes Hywa medresesinde okap ýörkä Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bilen ymykly tanşyp, çuňňur oý-pikirlere berildi. Bu täzeçe oýlanyş öz-özünden döremedi. Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanyny okap çykan Mollanepes çuňňur gözýetmez umman bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu ummanyň haýsy kenaryndan baryp, haýsy many joşgunyna eýe bolmaly? Mollanepes köp pikirlenensoň: «Bu uç-gyraksyz edebi ummanyň bir şahasyny saýlap almaly» diýen karara geldi. Ýogsam «Aňsa» atly şygryny okap gören danyşment Sadyk molla haýran galyp, Mollanepese şeýle diýipdi: — Ertiriň özünde baş pire aýdaýyn. Sen arkaýyn Magtymgulynyň hüjresinde ýaşaber.

Ýumurtgaly sütün

* Ýumurtga ene süýdünden soňra, iň peýdaly iýmit hasaplanýar. Sebäbi onuň düzüminde sagdyn beden üçin wajyp bolan 6 iýmit maddasynyň (protein, ýag, uglewod, witaminler, minerallar we suw) ählisi bar. Günde ýekeje ýumurtga iýmek bilen bedenimiz üçin zerur bolan ençeme iýmit maddasynyň gündelik ätiýajynyň 9 göteriminiň ýerini dolmak mümkin.