"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň ählumumy asudalygy nazarlaýan gadamlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi hem ýokary diplomatik ussatlygy bilen halkara giňişliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ornuny berkitmek ugrunda binýadyny pugta tutan daşary syýasy ugry hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze üstünliklere beslenýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň ynsanperwer başlangyçlary depginli, netijeli, açyk we demokratik häsiýete eýe. Türkmenistanyň ýakyn hem alys ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebit we iri halkara guramalary bilen daşary syýasy ugrunyň meýilleri boýunça duşuşyklary we syýasy geňeşmeleri guramak babatda görkezýän tutanýerliligi ýyl ýazgysynda täze sahypany açýar. Şu ýylyň 5-7-nji iýuly aralygynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolmagy hem aýdylanlaryň aýdyň güwäsi bolup durýar. Saparyň çäklerinde belent mertebeli myhman bilen hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň arasynda geçirilen ikiçäk gepleşikler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Duşuşyklaryň dowamynda durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, syýasy-diplomatik, ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş, ulag, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary ar

Şahyryň sözi — köňülleriň nagşy

Türkmen edebiýatynyň taryhyndan mälim bolşy ýaly, täze edebi çemeleşmeler arkaly döredijiligiň kämil nusgasyny döreden beýik söz ussatlarymyzyň mirasynda täze ýola, täze döwre, täze ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklaryna bolan çagyryş eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hem umumadamzat gatnaşyklarynyň sazlaşygyny döretmäge gönükdirilen ugurlary saýlap alyp, ýaşaýşa döredijilikli çemeleşmek, bilimiňi baýlaşdyrmak, dostluk däplerini pugtalandyrmak ýaly bähbitli ýörelgeleri ösdüren akyldardyr. Onuň ynsan mertebesini goramak babatdaky pikir-garaýyşlary jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilligini gazanmaga gönükdirilendir. Şunda esasy maksat kämillik hakyndaky garaýyşlaryň üsti bilen, ynsanyň ukyp-başarnygynyň, güýç-kuwwatynyň çäksizdigi hakyndaky pikiri öňe sürmekdir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Kämilleşmek — akyl-paýhasyň, aň-düşünjäniň, ukyp-başarnygyň sözüň doly manysyndaky hereket ediş çägini ýaýýanlygyndadyr» diýen çuňňur pelsepewi garaýşynyň düýp mazmunyna Magtymguly Pyragynyň döredijiligi arkaly hem göz ýetirmek bolýar.

Magtymguly mekdebi — türkmen-täjik dostlugynyň nyşany

Mälim bolşy ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar güni 2024 — 2025-nji täze okuw ýyly badalga aldy. Şol gün Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep hem ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Dostlukly ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Akyldar şahyryň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary bu durmuş ähmiýetli desganyň gurluşygyna sanly ulgam arkaly ak pata berdiler. Bu mekdebiň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda gapylarynyň açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp waka dogrusynda täjigistanly türkmenleriň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Ozon gatlagynyň goragy — adamzadyň derwaýys meselesi

Daşky tebigy gurşaw jemgyýetiň maddy, ruhy we medeni isleglerini kanagatlandyrmak üçin ilkinji we iňňän zerur çeşme bolup hyzmat edýär. Tebigat biziň umumy öýümiz bolmak bilen, bir bitewülikde ýaşamaga, tebigy baýlyklary örän oýlanyşykly peýdalanmaga borçly edýär. Häzirki wagtda ekologiýa howpsuzlygy tutuş adamzadyň öňünde çözülmesi örän wajyp mesele bolup durýar. Ekologiýa howpsuzlygy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Pyragyny wagyz eden ulama

Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýäniň dürli ýurtlarynda ýokary gyzyklanma eýe bolup, şahyryň ajaýyp şygyrlary dilden-dile geçýär, aýdym bolup kalplara siňýär. Beýik söz ussadynyň ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna besleýän ajaýyp şygyrlaryny dürli dillere terjime edip, geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Şahyryň watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly taglymatlary asyrlar içre adamzada hyzmat edip gelipdir. Söz ussadynyň çuň pelsepä beslenen eserleri ynsan köňlüniň nagşyna öwrülip, dünýäniň dürli halklaryny parahatçylyga, agzybirlige, jebislige çagyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde ýazyşy ýaly, «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar». Häzirki wagtda döredijilik, ylym-bilim bilen meşgullanýan daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň Magtymguly Pyragynyň dünýäde asudalygyň, adamzadyň bagtyýarlygynyň, halklaryň özara düşünişmeginiň berkarar bolmagy baradaky şygyrlarynyň ähmiýetini, halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan baý medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmekde alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Munuň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň at-a

Köwük

Köwük ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişlidir. Bu pişigiň meýdan alamatlary barada gysgaça aýtsak, ululygy öý pişiginiňki ýalydyr. Onuň bedeniniň uzynlygy 40—57 santimetre, guýrugynyňky 23—35 santimetre çenli bolup, aýaklary gysgarakdyr. Gulaklary uly, çowly uçluja bolup, duluklaryndaky tüýler ösgün, sakgalsap ýaly sallanýarlar. Köwügiň arka tarapy garamtyl-çal reňkde bolup, bedeniniň aşak tarapy ak reňklidir. Köwükler Garagumdaky Darjagum çölünde, Oktümgum, Çilmämmetgum, Üçtagan, Günorta Gaplaňgyr, Obruçew sähralygynda we Sandykly çölünde duş gelýärler. Olar häzirki döwürde Köýtendagyň dag-etek düzlüginden we Etrek jülgesinden ýitdiler. Köwükleriň ýaşaýan ýerleri sazak, sözen, gandym we ownuk gyrymsy agaçlar bilen örtülen berkeşen we ýarym berkeşen çägeliklerdir. Olar gür gara sazakly ýerlerde we aklaň çägeliklerde seýregräk gabat gelýärler, dag etekleriniň toýunsow we kertli ýerlerine örän seýrek barýarlar. Köwükler ýurdumyzyň çäginden başga-da, Arabystanda, Sinaý ýarym adasynda we Sahara çölünde ýaşaýarlar.

Beýik dana Magtymgyly

Ýalkym, nury Günde gördüm,Yşk mährini gülde gördüm,Söz gudratyn sende gördüm,Beýik dana Magtymguly. Dumanlydyr daglaň seri,Ylham göwnüň ganat-peri,Tagzym saňa, sözüň piri,Beýik dana Magtymguly.

Nobel baýragynyň taryhynda

«Men halkymyň eşretli durmuşynyň gözbaşlaryny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin» diýýän hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi döwletiň sazlaşykly öňe gitmegini kesgitleýän güýç hökmünde häsiýetlendirýär. Ylma bütin dünýä boýunça-da uly ähmiýet berilýär. Ylmy açyşlar üçin hormatly atlar, medallar, baýraklar döredilip, alymlar sylaglanylýar. Giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen baýraklaryň biri hem 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan halkara Nobel baýragydyr. Bu baýragy esaslandyran Alfred Nobel 1833-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde dünýä inýär. Onuň dogany Lýudwig kakasyndan miras galan kärhanany ösdürip, ony iri maşyn-gurluşyk zawodyna öwürýär. Ol bu zawodda bug maşynlaryny, nebit çykaryjy enjamlary, hereketlendirijileriň dürli görnüşlerini öndürýär. Doganlar Nobeller 1876-njy ýylda Bakuwda nebit kärhanasyny döredýärler. Olar bu kärhanada nebiti gaýtadan işlemegi hem-de turba geçirijiler arkaly daşamagy ýola goýýarlar.

«Gözli» sütün

— Bedenimiziň iň çalasyn myşsalary gözlerimizde ýerleşýär. «Göz açyp-ýumasy salymda» diýlen söz düzümi, meger, şonuň üçin dörän bolsa gerek. — Ynsan gözüniň diametri ortaça 2,25 santimetre, agyrlygy bolsa 7 grama barabardyr.

Eziz ildeşler!

Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmekligi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaklygy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlary iýmegi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris. Bu düzgünleri berk berjaý etseňiz ýylyň islendik paslynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz.

Doganlar didarlaşarlar

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer sahawaty netijesinde bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykbalyň emri bilen uzak taryhyň dowamynda Ýer ýüzüniň dürli künjeklerine nesibesi çeken doganlarymyzyň hem ata Watanyna, kyblagähine öwrüldi. Indi her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuny toýlaýan günlerimizde paýtagtymyz Aşgabatda daşary ýurtly doganlarymyzyň wekillerini bir supranyň başyna jemläp, olary birek-biregi bilen didarlaşdyrmak, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Beýik ynsanperwer işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň sahawatly tagallasy bilen bu asylly däp Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdiriler. Şeýle diýip ynamly aýtmagymyza türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň 17-nji awgustda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarowa dünýä t

Döwletli tutumlara badalga

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, şu jähetden oňa düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Karary esasynda bu umumymilli forumy 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Resminama laýyklykda, mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi, bu işleri utgaşdyrmalydygy kesgitlenildi.

Bilim — geljegiň ak ýoly

Mälim bolşy ýaly, ýene sanlyja günden hemişelik Bitarap ata Watanymyzda bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde aýdym-sazly dabaralar, medeni-köpçülikleýin çäreler bilen 2024-2025-nji täze okuw ýylyny garşy alar. Her ýyl geçirilýän bu özboluşly baýramyň dabaralary ýaş nesillerimiziň, ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärlerimiziň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär. Maksatlaryň myradyna gowuşýan jenneti Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri, dünýä ülňülerine laýyk bilim we terbiýe almaklary, şeýle hem irki ýaşdan, ýagny çagalar bagyndan başlap zehinlerini ýüze çykarmaklary, daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri babatda ähli şertler döredilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim ulgamynyň çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli üstünlikli alnyp barylmagy, Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün döwletiň ösüşini şertlendirýän bilim ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hazar — hyzmatdaşlyk köprüsi

Berkarar döwletň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Hazar deňziniň syýasy, ykdysady, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaýyn işler amala aşyrylanda onuň daşky gurşawyny goramak, biologik serişdelerini aýawly hem-de rejeli peýdalanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň «2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy» döwletiň uzak möhletli durmuş syýasatynda daşky gurşawy goramak we ekologiýany durnukly saklamak boýunça Hazar deňziniň türkmen böleginde we onuň kenar ýakasynda ekologiki talaplary berk berjaý etmegi, onuň suwuny süýjütmek boýunça önümçilik kuwwatlyklaryny gurmagy özüne esasy wezipe edinýär.

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynda tutýan orny

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan» ruhlanan belent maksatly ýaşlar, turuwbaşdan, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly üstünlikleri gazanmak, döwletimiziň şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmak, her bir pursady mana hem-de watansöýüjilige beslemek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman, tutanýerlilik görkezýärler. Täze döwrüň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralara beslenen günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmaga, ählumumy derejede köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň, abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň goldanylýandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. Häzirki wagtda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda ýaşlar syýasaty boýunça,

Hereket howpsuzlygyny berjaý ediň!

Sentýabr aýynyň gelmegi, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň başlanmagy bilen, ýollarda pyýadalaryň we ulaglaryň hereketi artyp, ýol hereketi görnetin işjeňleşýär. Şeýle ýagdaýda ýol-hereket hadysasynyň ýüze çykmazlygyny gazanmak, adamlaryň barjak ýerlerine sag-aman barmaklary üçin zerur şertleri döretmek esasy wezipe bolup durýar. Munuň üçin biziň döwletimiz ähli çäreleri görýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň janyny, saglygyny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Döwre we onuň ösüşine görä, ýol hereketleriniň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen wajyp işleriň geçirilýändigine garamazdan, ýollarda juda seresaply, ünsli bolmaly. Gynansak-da, kähalatlarda sürüjiler ýol hereketleriniň kadalaryny dogry berjaý etmän, adamyň saglygyna we ömrüne howp salýarlar. Şonuň üçin, pyýadalar diňe bir ýol hereketine gatnaşyjy bolman, eýsem, ulag hadysalary zerarly heläkçilige sezewar bolan adama kömek bermegi-de başarmalydyrlar.

Watan — mähir ojagy

Hojamyrat ATAMYRAT, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň birleşiginiň ýolbaşçysy, DTYB-yň şahsy agzasy.

Aýdym-saz sungatynda tebigatyň waspy

Milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza uly sarpa goýýan, bu ugurda bize nusgalyk Halypa bolup durýan şahyr göwünli Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetirilýän aýdymlaryň tema örüsi has giňedi. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza, agzybir halkymyza bolan beýik söýgüsiniň netijesinde köpugurly gülläp ösüşlerimizi, mähriban Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edip ýaňlanýan aýdymlarymyz asman giňişliginde ganat ýaýyp, hemmeleriň ýüreklerine hoşluk bolup dolýar. Biziň dag ýerinde dagly, bag ýerinde bagly, deňiz ýerinde deňizli, derýa ýerinde derýaly, sähra ýerinde sähraly ajaýyp tebigatymyz bar. Onsoň, şeýle owadan tebigatymyzy wasp edip şahyrlar goşgy döretseler, bagşylar olary belent heňde aýdym edip, ile ýetirýärler. Ol aýdymlar halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini joşduryp, olary tebigy gözelliklerimizi gorap saklamaga hyjuwlandyrýar.

Taryhy taryply Änew

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änewiň iň bir gelim-gidimli desgalarynyň biri «Seýit Jemaleddin» diýlip atlandyrylýan meşhur orta asyr arhitektura toplumydyr» diýip ýazýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gurlandan bäri ençeme asyrlar geçse-de, Seýit Jemaleddin metjidi häzirki günlere çenli dünýä alymlaryny, jahankeşdeleri, zyýaratçylary özüne çekýär. Bu arhitektura toplumynyň gurlan ýeri hem-de toplumyň özi häzirki wagta çenli ylmy taýdan öwrenilmegini dowam edýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen Diýarymyzda döwlet we halkara derejesinde maslahatlar, sergiler, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Sähra bizi çagyrýar

Gunça açan güllerden,Säher çygy syrygýar.Ýör gideli, gollardan,Sähra bizi çagyrýar. Çeçekleň başyn yrap,Şemal täsin sygyrýar.Ýolumyza gül büräp,Sähra bizi çagyrýar.