Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, şu jähetden oňa düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny belläp geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Karary esasynda bu umumymilli forumy 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Resminama laýyklykda, mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi, bu işleri utgaşdyrmalydygy kesgitlenildi.