"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Tamdyr

Aslyň obaly bolsa, oba bagryň badaşan bolsa, irden seni öýüň alys-u-ýakyn ýerlerinden gelýän horazlaryň sesi oýaryp gören bolsa, sygyrlaryň molaşýan, goýun-geçileriň mäleşýän seslerini häli-şindi eşidip, Günüň yssy mährine ýylanyp, maňlaý deriňi döküp gören bolsaň, çagakaň oba ýaplarynda suwa çümüp, özüňden kiçilere ýüzmegi öwreden bolsaň, agaçlara dyrmaşyp, miwäni özüň ýolup, iýip gören bolsaň, towuk ketekden ýumurtga çöpläp gören bolsaň, tamdyrdan çykan gyzgynjak çöregi suwa basyp, iýip gören bolsaň we ýene-de şulara meňzeş kän zatlary eden bolsaň, bular seniň ýüregiň çuň ýerine ornaşyp, özüňi şäherlidirin öýtseňem, olary ýatdan çykaryp bolmaýar ekeni. Bu başdangeçirmeler seni terk etmeýän ekeni. Şonuň üçinem goňşyňa tagam dadyrasyň, bolanja ýerjagazyňa ony-muny ekip, suwaryp, şol tarapa seredesiň, güýmenesiň gelip dur. Bu meniň tamdyrly bolmagym babatda-da şeýle boldy. Bir gezek köçämize tamdyr aýlap geldiler. Öňem-ä tamdyr alnasym gelýärdi weli, biýem üstüne urna boldy. Ýük ulagyň yzyndaky 5-6 sany tamdyry görüp, meniň höwesime täzeden jan girdi. Ýanýoldaşyma geňeşdim. Şäherde kemala gelenem bolsa, ýanýoldaşym şonda tamdyry beýlämde goýmak üçin alsam özüniň «öýkelejekdigini» (bu onuň meniň gowuja pikirlenmegim üçin tapan täzeligidi), şonuň üçinem käte bir gezek bişirsemem, ony gyzdyryp durmaly boljakdygymy boýnuma goýdy.

Türkmeniň aýratynlygy

Ir zamanda arap ulamasy iki talybyny ýanyna çagyryp: — Şu gelýän kerwende biziň çakylygymyz bilen türkmen akyldary gelmeli. Kerweniň şähere girmegine bir gün galanda öňünden çykyp, ony ýadatman, elin alyp geliň — diýipdir.

Soňky sütün

Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän melhemlik ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Türkmen alymlary tarapyndan üzärlik tüssesini netijeli peýdalanmak boýunça geçirilen ylmy-barlag we seljerme işleriniň netijesinde, adaty üzärlik ösümligini ilkinji gezek, hiç hili goşundysyz, belli bir basyş astynda dykyzlandyryp, briket görnüşine getirmek usuly işlenip düzüldi. Üzärlikden ýasalan brikedi tüsseletmek arkaly otaglary zyýansyzlandyrmak mümkindir. Briketlenen görnüşde onuň deslapky bejeriji häsiýetleri saklanyp galýar. Üzärlik ösümligini briketleşdirmek boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan «Üzärlik ösümligini briketleşdirmegiň usuly» atly oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alyndy. Üzärligi briketleşdirmek usulynyň esasy maksady ýylyň ähli paslynda, islendik ýerde tüsseletmek arkaly, bu melhemlik ösümligiň howany tämizleýji, rahatlandyryjy, dürli ýaramaz täsirlerden goraýjy häsiýetini giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Dürli keselleriň öňüni almak bilen baglylykda, üzärlik briketiniň önümçiliginiň senagat derejesinde ýola goýulmagy içerki sarp edijileriň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmaga we ony daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. * * *

Arkadagly, ajap çagly Watanym!

Çuňňur hormatlanylýan Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýyldaky ählihalk saýlawlarynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanylmagy bilen döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny täze ruhy galkynyşlar, bedew batly ösüşler gurşap aldy. Şondan bäri geçen ýyllaryň dowamynda, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen oýlanyşykly taglymatynyň netijesinde, eziz Diýarymyzda düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar, milli demokratik ýörelgelerimiz ösdürilýär, ýylsaýyn kämilleşýän kanunçylyk binýadymyz berkeýär, halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy barha belende galýar. «EZIZ WATANYMYZ BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR»(Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan)

Arkadagyň yhlasyndan alyp bat, günbe-günden görke gelýär

Irki döwürlerde ýat ýurda düşen adam şol ýurduň umumy ýagdaýyny bilmek üçin, ilki bilen, bazaryna barar eken. Şoňa görä-de gadym wagtlarda jahankeşdeleriň arasynda: «Haýsy ýurduň ykdysady ýagdaýyny, halkynyň ýaşaýyş derejesini biljek bolsaň, bazaryna baryp gör» diýen aýtgy döräpdir. Hawa, bu aýtgy gadym wagtda döräpdir. Häzirki döwürde welin, islendik adamda ilki barýan ýurduna bolan garaýyş heniz uçaryň üstündekä şineleýär. Mende şeýle pikir birki ýyllykda Stambuldan gelýän uçaryň Aşgabada ýetip, pessaýlan mahaly gapdalymda oturan iki sany türkiýeli ýolagçynyň uçaryň äpişgejiginden biri-birine ak mermer binalary görkezip: «Bak-da, bak, çoh, güzel-de, çoh güzel!» boluşlaryny gören pursadym peýda boldy. Çünki men türkmen paýtagty baradaky ýakymly duýgularyň olarda heniz uçaryň üstündekä dörändigine gözli şaýat boldum. Şol pursat özümem biygtyýar olara goşulyp, äpişgejige örklendim. Bäh, ýurdumyzyň ýüreginiň gözelligini görsene! Gün ýaňy dogup, bütin barlygy süýt reňkine boýan çagy ol has-da owadan görünýär. Göýä diýersiň, türkmen paýtagtyna bir Gün däl-de, ýüzläp Gün gonup, çarýana nuruny saçýan ýaly bu wagt. Çünki ak mermer binalaryň hersiniň ýüzünde bir Gün peýda bolup, täze başlanýan güni has-da nurlandyrýardy.

Anyk wezipeler kesgitlenildi

Medeniýet, sungat we çeper döredijilik halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, milli miraslaryny aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda, şeýle hem adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyryp, dünýägaraýşyny giňeltmekde, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, tutuş halky beýik işlere galkyndyrmakda uly güýje eýedir. Şoňa görä-de, islendik halkyň islendik ulgamda gazanýan üstünlikleri, eýeleýän sepgitleri şol halkyň medeniýetiniň ösüş derejesi bilen baglydyr. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi gorap saklamak, halkymyza wagyz etmek, dünýä ýaýmak, döwrüň ruhuna laýyk täzeçe kämilleşdirmek işine aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň bu ulgamyň işini ýeke pursat hem ünsden düşürmän, medeniýet we sungat wekilleri, ýazyjy-şahyrlar bilen häli-şindi duşuşyp, olaryň işi bilen gyzyklanyp durýandygy-da, özüniň gyzyldan gymmatly maslahatlarydyr tabşyryklaryny berip, medeniýet ulgamynyň işiniň ilerlemegi üçin edýän anyk ýardamlary-da, döwletimiziň her ýyl bu ulgama köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýändigi-de aňryýany bilen subut edýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlap, geçen ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiren iş maslahaty, onuň dowamynda bu pudagyň ýolbaşçylaryna beren anyk tabşyryklary hem hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi, sungatymyzy, milli žurnalistikam

Goňşy ýurtda dogan

Döwlet Baştutanymyz: «Dünýä türkmenleri bilen dostluk-doganlygy, medeni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek Türkmenistanyň hoşniýetli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde hemişe berkidiler» diýip, nygtap geçýär. Şu babatda duldegşir goňşymyz Eýranda ýaşaýan türkmen kowumdaşlarymyz bilen doganlyk gatnaşyklaryny, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmeklige hem uly ähmiýet berilýär. Bar bolan maglumatlara görä, häzir Eýran Yslam Respublikasynda 2-3 million töweregi türkmen ýaşaýar. aryha ýaň salan merdana türkmen gerçekleri goňşy Eýran topragynda hem öçmejek yz galdyrypdyrlar. Beýik Seljuk şadöwletini esaslandyryjylaryň biri Muhammet Togrulbegiň aramgähi Reý (Tähranyň golaýynda) şäherinde ýerleşýär, Maşatda bolsa türkmeniň beýik ogullary Baýram han bilen Nedir şanyň guburlary bar. Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy Eýranda, Gürgen derýasynyň boýunda ýerleşen Hajygowşan obasynda eneden bolýar. ХVIII — ХХ asyrlarda ýaşan başga-da birnäçe nusgawy türkmen şahyrlarymyzyň durmuşy hem Eýran bilen ýakyndan baglanyşykly bolupdyr: Magtymgulynyň ýegeni Gurbandurdy Zelili Gürgen medresesinde okan. Mahmyt Gaýyby bilen Misgingylyç Gürgen sebitlerinde ýaşapdyr. Şonuň ýaly-da şahyr Abdylla Şabende Eýranda bolupdyr. Bu maglumatlar iki goňşy döwletiň medeni, ylym, bilim ulgamdaky gatnaşyklarynyň öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen hoşniýetliliginiň şöhlelenmesi

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Bularyň arasyndaky dawa soltanyň gulagyna baryp ýetýär. Soltan olaryň ikisini hem öz huzuryna çagyrýar. Soňra ol wezire garap: «Galam eýeleri hemişe gylyç eýeleriniň hyzmatkärleri bolýandyrlar. Sen ne sebäpden galam eýelerini beýle mahabatlandyrýarsyň we öwüp arşa çykarýarsyň? Sen muny subut edip biljekmi?» diýýär. Wezir: «Beýik hökümdarym, gylyç dostlary däl-de, duşmanlary öjükdirip, aýaga galdyrar. Galamdan hem dost peýda görer, hem duşman dep bolar. Gylyç eýeleriniň hemişe patyşalyga meýli bolýandyr, şeýle-de olar mülke göz gyzdyrýandyrlar. Olar nygmat eýelerine garşy baş göterýändirler, emma galam eýelerinden munuň ýaly haýyn hereket çykmaz. Gylyç eýeleri soltanyň hazynasyny boşadýandyrlar, galam eýeleri bolsa hemişe hazynanyň üstüni doldurýandyrlar. Girdejili zat çykdajyly zatdan has haýyrlydyr we gadyrlydyr» diýip, akylly-paýhasly sözleri bilen öz garaýşyny delillendirmegi başarýar.

Gündogaryň beýik danasy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) «Beýleki planeta hem biziňki ýaly tebigy häsiýetli bolup biler» diýip, ynam bilen ýazan Abu Reýhan Biruny älemde Ýere meňzeş başga-da planetalaryň bolmagynyň mümkindigi hakda kesgitli gürrüň edipdir. Onuň pikirine görä, beýleki dünýä haýsydyr bir böwet zerarly bizden arany açypdyr. Biruny tebigatda boşluk ýok diýen düşünjäni goldap, «beýleki dünýäler» hakyndaky düşünjäni öňe sürüpdir. Bu meselede ol özünden ozalky pikirdeşlerinden öňe gidipdir.

Tagtyrowan

Orta asyr türkmen döwletlerinde hökümdarlaryň tagta oturmagy bilen olaryň häkimiýetleri başlanypdyr. Ýagny soltanlaryň hökümdarlyk ýolundaky ilkinji ädimleriniň biri tagta oturmak bolupdyr. Hökümdarlaryň oturýan makamyna «tagt» ady berlipdir. Tagt — häkimiýet we hökümdarlyk diýmekdir. Orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm eserleriň biri XI asyrda ýaşan Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Kutadgu Bilig» atly eseridir. Bu eser türki halklaryň yslamy kabul etmeginden soňra, türki dilde ýazylan ilkinji eserdir. Ýusup Balasagunlynyň bu eserinde tagt bilen baglanyşykly şeýle setirler beýan edilipdir:

Sallançak

Gadymy mirasa baý halkymyzyň arasynda maşgala, durmuş bilen baglanyşykly däp-dessurlar, edim-gylymlar häzirki döwürde-de ýörgünlidir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz öz perzentlerini päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzinde durýan, mert, edermen, arassa ahlakly edip, terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen ençeme gymmatlyklary döredip, bize miras galdyrypdyrlar. Şol gymmatlyklaryň biri-de sallançakdyr. Sallançak diýlende türkmen öýüniň töründe içi bäbekli mukaddeslik göz öňüne gelýär. Bäbek üçin ene gujagynyň dowamy sallançakdyr. Akja bäbekli sallançak üwrelip duran öý döwletlidir. Ata-babalarymyz öýüň dulundan sallançak gurupdyrlar. Özi-de ol çaganyň başy günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Öňki döwürlerde sallançagyň ýüpi ak öýüň tärimlerinden daňylypdyr. Pagsa jaýlarda jaýyň burçundan teble kakyp, şol tebleden halka asyp, halkadan sallançagyň ala ýüpüni dakypdyrlar. Öýüň dulundan 2-3 metr aralykda iki sany dagdan agajyny dikip, sallançak ýüpleri üçin ýörite pagta süýüminden, geçi çöpürinden ýa-da goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar. Iki gat ýüpüň iki ujunyň hersini bir agaja birikdiripdirler.

Akyl - paýhasyň güýji — ýaşaýşyň täji

Ir zamanda bir ýetim ýetginjek bolup, ol iliň hyzmatyny edip, iýjegini gazanýan eken. Ýöne ol, täleýi ters gelip, gözagyry derdinden batyl bolýar. Bu ýagdaýa juda gynanan ýetginjek gije-gündiz Haka sygynyp, ýene-de gözüniň görmegini dileg edip, ýalbarypdyr. Ahyry onuň ýanyna bir ýagşyzada gelip: — Saňa üç zat getirdim — saglyk, maşgala, baýlyk. Ýöne sen şularyň haýsy-da bolsa birini saýlamaly — diýipdir.

Ýiti respirator wirus kesellerinden goranyň!

Gyşyň sowuk howasy, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi netijesinde adam bedeniniň immun ulgamy gowşap, bedeniň goranyş işiniň peselmegi netijesinde, ýiti respirator wirus keselleri we dem alyş ýollarynyň sowuklamasy, dem alyş ýollarynyň wirus ýokanç keselleri has ýygy duş gelýär. Ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin, şu aşakdaky düzgünler berk berjaý edilmelidir:

Ösümlikli sütün

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanjak ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň nyşanynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan derek agajynyň şekili ýerleşdirilen. * * *

Parahatçylyk we ynanyşmak: döwrebap ýaşaýşy, sagdyn durmuşy döretmek üçin

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda: «Döwrebap ýaşaýşy döretmek üçin Zeminiň ýaşaýjylarynyň özleri üçin umumy wezipeleri dogry kesgitläp, möhüm bolan degişli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaklary zerurdyr» diýip ýazýar. Ine, şu pikiri külterläberseň, Zeminiň üstünde döwrebap ýaşaýşyň döredilmegi üçin ilkinji nobatda gazanylmaly gymmatlyklar — her bir adamyň gatnaşmagyndan döredilýän parahatçylyk we ynanyşmak duýgusydyr. Ine, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň aňyrsynda-da şu ajaýyp pikirler bardyr. Çünki abadan durmuşy, durnukly ösüşi gazanmagyň esasy şertleri — parahatçylygyň döredilmegi, özara ynanyşmagyň gazanylmagydyr. Galyberse-de hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda belleýşi ýaly, dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir. Hormatly Prezidentimiz başdaky pikirini şeýle dowam edýär: «Häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolan sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň meseleleri hem şu ählumumy zerurlykdan ugur alýar. Sagdyn jemgyýet — sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmeginiň kada-kanunlarynyň netijeliligine esaslanýar. Adamyň saglygy

Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypa

Öz gözbaşyny taryhyň irki zamanlaryndan alyp gaýdýan türkmen-azerbaýjan goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklary häzirki döwürde barha pugtalanýar. Muňa 21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem aýdyň delildir. Iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarjak bu möhüm waka aýratyn ähmiýet berip, türkmen we azerbaýjan Liderleri onlaýn görnüşinde derwaýys resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Hormatly Prezidentimiz onlaýn görnüşindäki wideoşekil arkaly duşuşyga gatnaşýandygy üçin azerbaýjanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda iki döwletiň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletiň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine g

Gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Milli Goşunyň döredilenine 29 ýyl dolýar. Täze ýylyň ilkinji günlerinde döwlet derejesinde bellenilýän bu baýramçylyk ata Watanymyza bolan söýgimizi, halkymyz bilen Milli Goşunymyzyň jebisligini şöhlelendirýär. Şanly sene mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplaryna iberýän Gutlagy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek bilen baglanyşykly Permanlary merdana Watan goragçylarynyň wezipe borçlaryna bolan höwesini we jogapkärçiligini has-da ýokarlandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Uludan tutulýan toý bagtyýar raýatlarymyzyň watançy ogul-gyzlaryna bolan buýsanjyny dabaralandyrýar. Baýramçylygyň şanyna giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni çäreler, göwün göteriji aýdym-sazly çykyşlar, teatrlaşdyrylan sahnalar mert pederlerimiziň Watana, halka wepalylyk ýaly asylly ýörelgelerini döwrebap harby däp-dessurlar arkaly dowam etdirýän harby gullukçylaryň hem-de olaryň ýerine ýetirýän belent borjunyň waspyny ýetirýär.

Ýylyň adyna buýsanç

Taryhy şanly döwletimizGaraşsyz, hemişelik Bitarap,Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany.Bedew batly gadamlarymyzbagtdan paýly ertirlere tarap,Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany. Gysym gumy duz dek mukaddes,bu toprak känim, baýlygym-barym,Görsem diýp her kim eder höwes,jennete bäs edýär gül Diýarym,Milletiň sesine goşup ses,joşup hem buýsanyplar diýýärin —Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany.

Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalanýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, turuwbaşdan, goňşy döwletimiz Owganystan bilen dost-doganlyk, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrjak wakalardan başlandy. Goňşy döwletiň ykdysady ösüşlerine oňyn täsirini ýetirjek ol wakalar Owganystanyň ähli halky bilen birlikde, bu döwletde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň hem Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan buýsanç bulagyny joşdurdy. Gazetimiziň şu sanynda owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy jemgyýetiniň agzasy, şahyr Şirmuhammet ÝEŇIŞIŇ köňül kelamlaryny ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ykdysadyýetiň ygtybarly desgalary

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanyljak ýylynyň ilkinji günleriniň göwün göteriji şanly wakalar bilen başlanmagy tutuş ýylymyzyň üstünliklere beslenjekdiginiň buşlukçysy bolup kalplara doldy. 14 —15-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyzyň şa gadamynyň ýurdumyzyň gündogar welaýatyna düşmegi bolsa, lebaply zähmetkeşleri diýseň begendirip, depesini gök diretdi. Çünki milli Liderimiziň şa gadamynyň düşen ýeri berekede beslenip, gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz biziň welaýatymyza bolan şu gezekki iş saparynyň çäklerinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitjek, öz halkymyzyň hem-de goňşy owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirini ýetirjek birnäçe iri desgalary ulanyşa girizmäge ak patasyny berdi. Şolaryň biri Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desgadyr. Her ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan bu desgada döwrümiziň iň ygtybarly enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyrylypdyr.