Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän melhemlik ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Türkmen alymlary tarapyndan üzärlik tüssesini netijeli peýdalanmak boýunça geçirilen ylmy-barlag we seljerme işleriniň netijesinde, adaty üzärlik ösümligini ilkinji gezek, hiç hili goşundysyz, belli bir basyş astynda dykyzlandyryp, briket görnüşine getirmek usuly işlenip düzüldi. Üzärlikden ýasalan brikedi tüsseletmek arkaly otaglary zyýansyzlandyrmak mümkindir. Briketlenen görnüşde onuň deslapky bejeriji häsiýetleri saklanyp galýar. Üzärlik ösümligini briketleşdirmek boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan «Üzärlik ösümligini briketleşdirmegiň usuly» atly oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alyndy. Üzärligi briketleşdirmek usulynyň esasy maksady ýylyň ähli paslynda, islendik ýerde tüsseletmek arkaly, bu melhemlik ösümligiň howany tämizleýji, rahatlandyryjy, dürli ýaramaz täsirlerden goraýjy häsiýetini giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Dürli keselleriň öňüni almak bilen baglylykda, üzärlik briketiniň önümçiliginiň senagat derejesinde ýola goýulmagy içerki sarp edijileriň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmaga we ony daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer.
* * *